Mejlis 2022-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetini tassyklady

  • 01.11.2021 17:27
  • 11k+

30-njy oktýabrda Aşgabatda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda taýýarlanylan möhüm kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

“Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, şeýle hem “Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Kararyň taslamasyna garamak maslahatyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy, bu taslamalar Mejlisiň ähli komitetlerinde, şeýle hem aýry-aýry pudaklar babatynda — ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapdan ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň maslahatyndan ozal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Ministrler Kabinetiniň 15-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy babatynda seljerme berildi hem-de anyk maslahatlar beýan edildi.

 Gurbanguly Berdimuhamedowyň gymmatly maslahatlaryna laýyklykda, 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynda Döwlet býujetiniň hasabyna durmuş ulgamyna bölünip berilýän serişdeleriň möçberi 70 göterimden gowrak bolar, şunda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durmuş ugurlylygyny saklamak ýörelgesi üpjün ediler. Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň çykdajy böleginiň maddalary aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýjileriň haklarynyň goragyny üpjün edýär, olar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda, 10 göterim ýokarlandyrylar.

Şeýle hem “Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Mejlisiň Karary biragyzdan kabul edildi.

Soňra deputatlar “Döwet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda”; “Poçta aragatnaşygy hakynda”, “Döwlet ýer kadastry hakynda” (rejelenen görnüşi), “Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda”; “Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda” kanunçylyk taslamalaryna garadylar.

Şeýle hem deputatlar “Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetme girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek we güýjüni ýitiren” diýip ykrar etmek hakynda”, “Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Atmosfera howasyny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.


20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......