Türkmenistanda 690 müň gektara güýzlük bugdaý ekilip tamamlandy

  • 01.11.2021 17:02
  • 2.5k+

Türkmenistanyň ekerançylary güýzlük bugdaý ekmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini doly tamamladylar. Bu barada geçen hepdede Lebap, Ahal, Mary, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary buýsanç bilen hasabat berdiler.

Ýurdumyzyň ekerançylary bu möwsümde bugdaý hasyly üçin niýetlenen oba hojalyk ýerlerini öz wagtynda sürüp we gurplandyryp, jogapkärli möwsüme aýratyn yhlas bilen girişdiler. Ekişe azyklyk bugdaýyň “Bereketli”, “Goşant”, “Rowaç”, “Hasylly”, “Sähraýy”, “Ýolöten — 3”, “Watan”, “Juwan”, “Ýokumly”, “Ýolöten — 1”, “Miras” görnüşleriniň ýokary hilli tohumlary taýýarlanyldy.

Şu möwsümde ýurdumyz boýunça dünýäniň öňdebaryjy “John Deere”, “CLAAS”, “Case” kompaniýalaryndan satyn alnan ýer sürüji traktorlaryň 1972-si, ekijileriň we bejergi traktorlarynyň 1545-si hem-de daýhanlaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanyldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilen şu ýylda türkmen gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Geljek ýylda ýurdumyzda 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnap almak göz öňünde tutulýar. Ýokary derejede geçirilen örän möhüm oba hojalyk möwsümi bu borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam döredýär.


11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

04.06.2026 12:34
5.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.8k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.4k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......