Ronaldunyň suraty türgenleriň arasynda Instagram taryhynda iň meşhury boldy

  • 31.10.2021 23:38
  • 22k+

28-nji oktýabrda “Mançester Ýunaýtediň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu gelinligi Jorjina Rodriges bilen ekizlere garaşýandyklaryny habar berdi. Futbolçy USB-niň (ultrases barlagy) suratyny saklap düşen fotografiýasyny Instagramda ýerleşdirdi.

Trend-iň Gazeta.ru salgylanyp habar bermegine görä, portugaliýaly oýunçynyň bu posty 27,7 mln laýk gazanyp, türgeniň Instagram taryhynda iň köp laýk alan suraty boldy. Mundan öňki rekord “PSŽ-niň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messä degişlidi, onuň bir posty 22 mln laýk aldy.

36 ýaşly Ronaldunyň dört çagasy bar: 2010-njy ýylda doglan Kriştianu-kiçi, 2017-nji ýylda doglan Ýewa bilen Mateo we 2017-nji ýylda doglan Alana Martina.

Rodriges Ronaldu bilen tanyşanda, Madriddäki “Gucci” dükanynda satyjy bolup işleýärdi. Olaryň arasynda gatnaşyk peýda boldy. Olar 2016-njy ýyldan bäri duşuşýarlar.

27-nji awgustda “Mançester Ýunaýted” Ronaldunyň dolanandygyny habar berdi. Oýunçy bu topar üçin 2003-nji ýyldan 2009-njy ýyla çenli hem çykyş edipdi. Ol toparyň düzüminde Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) üç gezek çempiony we Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. 


düýn 00:07
4.6k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

24.06.2026 09:29
4.2k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......