28-nji oktýabrda Türkmenistanyň çäginde boljak howanyň ýagdaýy

28-nji oktýabrda Türkmenistanyň çäginde boljak howanyň ýagdaýy

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 28-nji oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +9°, gündizine +11... +16°, kenarýaka etraplarynda +8... +13° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 763 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Awazada: howa +10... +12°, basyşy 770 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Balkanabat şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 772 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +8°, gündizine +11... +16° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 744 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Tejen şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 755 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +8°, gündizine +12... +17° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 751 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Baýramaly şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 750 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +9°, gündizine +10... +15° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 754 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Kerki şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 748 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +5°, gündizine +9... +14° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 764 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Köneürgenç şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 765 mm, çyglylygy 55 — 75%.