Tesla Model S Nýurburgringde Porsche Taycan-yň rekordyny täzeledi

  • 19.09.2021 07:46
  • 4.6k+
Tesla Model S Nýurburgringde Porsche Taycan-yň rekordyny täzeledi

Tapgyrlaýyn çykarylýan Tesla Model S Plaid Nýurburgring ýaryş ýolunda Porsche Taycan-yň rekordyny täzeledi. Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Maskyň Twitterde habar bermegine görä, “Tesla-nyň” iň tiz we iň kuwwatly liftbek modifikasiýasy “gysga” aýlawa (20,6 kilometr) 7 minut 30,9 sekunt sarp etdi – bu Porsche Taycan Turbo üçin gerek bolan wagtdan 12 sekunt azdyr. Model S-iň ortaça tizligi sagatda 166,3 kilometr boldy diýip, motor.ru belleýär.

Tesla Model S Plaid ilkinji gezek Nýurburgringe 2019-njy ýylda - Porsche Taycan-yň tanyşdyrylyşyndan soň çykdy. Şonda üç motorly gurluşy bolan liftbek aýlawy 7 minut 23 sekuntda geçdi, ýöne bu görkeziji resmi däldi: wagt synaga gatnaşan “Auto motor und Sport” žurnalisti tarapyndan elde bellenildi.

Häzir bolsa Ilon Mask rekord wagty bilen suraty ýerleşdirdi. Görnüşi ýaly, 7 minut 30,9 sekuntda Model S Plaid 20,6 kilometri geçdi, uzynlygy 20,8 kilometr bolan “Demirgazyk aýlawyny” doly geçmek üçin liftbek 7 minut 35,6 sekunt sarp etdi. Sürüşden wideo ýazgy heniz ýerleşdirilmedi. Şeýle-de bolsa, gysga aýlawda Tesla Porsche Taycan Turbo-dan (7:42.34) 12 sekunt öňe geçdi, ýöne Chevrolet Corvette Z51-den (7:29.90) we Porsche 911 Carrera S-den (7:30.41) yza galdy. 

Mask rekordyň “zawoddan getirilen” Model S Plaid tarapyndan goýlandygyny aýratyn belläp geçdi. Ýöne ol tiz wagtdan Nýurburgringe täze aerodinamiki detallar, karbon tormozly we ýaryş tekerleri bilen doly işlenen liftbegiň çykaryljakdygyna wada berdi. 


17.11.2024 17:40
4.3k+

Bugatti Mistral üsti açyk awtoulaglar üçin tizlik rekordyny goýdy

Bugatti Mistral rodsteri üsti açyk awtoulaglar üçin täze tizlik rekordyny goýdy. Papenburg türgenleşik meýdançasynda geçirilen synag wagtynda Bugatti-niň synagçy sürüjisi Endi Uollas sagatda 453,91 km tizlige ýetdi...

16.11.2024 07:41
3.9k+

Dünýäde gibrid we elektrik awtomobilleriň satuwy 35% ýokarlandy

Oktýabr aýynda birikdirilýän gibrid we doly elektrik awtomobilleriň global satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35% ýokarlandy. Ösüşe iň uly goşant goşan Hytaý bolup, bu ýerde şeýle modelleriň...

15.11.2024 13:08
8.2k+

Xiaomi bary-ýogy 230 günde 100 000 awtomobil çykardy

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi SU7 modelinden 100 000 awtomobil çykarandygyny habar berdi. Kompaniýanyň esaslandyryjysy we baş müdiri Leý Szýunyň aýtmagyna görä, şeýle önümçilik möçberine ýetmek üçin 230 gün gerek boldy...

11.11.2024 10:05
8k+

Tesla Model S Plaid dünýäde iň tiz polisiýa awtoulagy boldy

ABŞ-nyň Unplugged Performance kompaniýasy amerikan polisiýasy üçin ýörite işlenip taýýarlanan Tesla Model S Plaid elektrokarynyň kämilleşdirilen wersiýasyny hödürledi. Kompaniýa onuň dünýäde iň tiz polisiýa awtomobilidigini...