Tesla 9 ýyl öň söz beren Roadster elektrokaryny tanyşdyrmaga taýýarlanýar

  • 16.04.2026 11:03
  • 2.6k+

Ilon Mask 2017-nji ýyldan bäri garaşylýan Tesla Roadster elektrokaryny ýene-de hemmäniň üns merkezine getirdi. Täzeligiň tanyşdyryş dabarasy aprel aýynyň ahyryna bolar. Ýöne gyzykly ýeri, bu gezek köpçüligiň talaplary başgadyr. Has anygy, olar tigirleriň üstündäki nobatdaky gadžetlerden ýadadylar we şo-ol dokuz ýyl ozal wada berlen «ýabany» superkary görmek isleýärler.

Ýokary tizlikler dünýäsini yzarlaýanlar üçin Roadster, ilkinji nobatda, amala aşyrylmagy mümkin däl ýaly görünýän taraplary bilen gyzyklydyr. Sebäbi ozal maşynyň sagatda 100 km tizlige iki sekuntdan hem az wagtda ýetip biljekdigi we iň ýokary tizliginiň sagatda 400 km-den geçjekdigi mälim edilipdi.

Ýöne Mask hem ätiýajy elden berenok we munuň diňe sürmekden lezzet alýanlar üçin niýetlenen awtomobildigini nygtaýar. Köpçülikleýin çykarylýan Model 3 ýa-da Model Y-den tapawutlylykda, bu ýerde awtopilota ýa-da artykmaç howpsuzlyk ulgamlaryna üns berilmeýär. Tersine, döredijiler täze önümi «mehaniki dolandyryşly maşynlaryň iň gowy wekili» diýip atlandyryp, dolandyryşy doly sürüjiniň emrine bermek isleýärler.

Elektrokarda iň ýokary görnüşde gysylan howa bilen işleýän reaktiw tizlendirijileri (SpaceX ulgamy) we manýewr ukybyny gowulandyrmak üçin kiçijik ganatjyklary ulanmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de ulagyň sport häsiýetlidigine garamazdan, bir gezekki zarýad bilen takmynan 1000 km ýol geçip biljekdigi çaklanylýar. Konseptde adaty tegelek ruluň ýerine, reaktiw uçarlardaky ýaly şturwal oturdylypdyr.

Şonuň ýaly-da, modeliň 2017-nji ýyldaky dizaýnynyň Teslanyň häzirki zaman stiline, esasana hem burçly Cybertruck modeline laýyk geler ýaly täzelenmegi juda ähtimal.

Tesla üçin häzirki wagtda diňe bir owadan ulag görkezmek däl, eýsem, önümçiligiň hakyky möhletlerini tassyklamak örän möhümdir. Çünki wada birnäçe gezek yza tesenden soň (aslynda 2020-nji ýylda çykarylmalydy), maýadarlaryň we geljekki eýeleriniň ynamy döwüljek-döwüljegiň üstünde. Eger kompaniýa tehniki aýratynlyklar we möhletler baradaky aýdanlaryna eýe çyksa, onda Roadster elektrik giperkarlar segmentinde täze etalon bolup bilerdi.


düýn 09:56
4.8k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.5k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.7k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.2k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....