Tramp 2024-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşyp biler

  • 16.09.2021 11:57
  • 10k+

ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp 2024-nji ýylda ýene-de Prezidentlik ugrundaky göreşe gatnaşyp biljekdigini mälim etdi. Bu barada onuň "Fox News" gazetine beren interwýusyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berdi.

"Men bizde şeýtmekden başga çykalga galar öýdemok..." diýip, Tramp 2024-nji ýylda geçiriljek Prezidentlik ugrundaky göreşe gatnaşmak bilen bagly berlen soraga jogap berdi.

Öňki döwlet baştutany häzirki Prezident Jo Baýdeniň öz wezipesini ýeterlik derejede ýerine ýetirip bilmeýändigini aýdýar.

"Olar (Baýdeniň administrasiýasy - RED.) hemmeleri birleşdirmek isleýändiklerini we inklýuziw bolmak isleýändiklerini aýdýarlar, ýöne welin olar inklýuziw däl" diýip, Tramp demokrat Prezidentiň hereketlerini ýazgarýar.

Tramp 2024-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawlaryna gatnaşmagynyň mümkindigini birnäçe gezek ýaňzytdy. Ol täze prezident saýlawlaryna gatnaşmak barada eýýäm karara gelendigini we muňa öz tarapdarlarynyň "begenjekdigini" aýtdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 46-njy Prezidentiniň saýlawlary 2020-nji ýylyň 3-nji noýabrynda geçirilipdi. Onda demokratlaryň dalaşgäri bolan öňki wise-prezident Jo Baýden ýeňiji boldy.


31.05.2026 13:10
7k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

30.05.2026 19:37
8.4k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......

25.05.2026 15:17
6.5k+

OECD 2026-njy ýylda iň ýokary zähmet haky tölenýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) 2026-njy ýylda ortaça zähmet haky iň ýokary bolan döwletleriň reýtingini çykardy. Sanaw düzülende ýurtlaryň milli walýutalary alyjylaryň ukybynyň deňligine görä......

22.05.2026 15:38
2.8k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....