Туркменский лидер обсудил с хякимами подготовку к годовщине независимости и заседанию Халк Маслахаты

  • 14.09.2021 10:34
  • 10k+

13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görlüşine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly ýerine ýetirilişine degişli meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň dowamynda sebitleriň ýolbaşçylary şu günler welaýatlarda oba hojalyk tehnikalarynyň guramaçylykly we netijeli ulanylmagy netijesinde pagta ýygymy, gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleri hem-de güýzlük bugdaý ekişi bilen baglanyşykly obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýlary barada hasabat berdiler. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi, şanly sene mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalarda gurluşyklaryň barşy barada aýdyldy.

Şeýle hem Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow demirgazyk sebitde ýerli toprak-howa şertleri nazara alyp, 15-nji sentýabrda badalga beriljek pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, bina edilýän ähli desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ulanylmaga berilmegi hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk senesi mynasybetli dabaralara we Halk Maslahatynyň şanly senä bagyşlanan mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça häkimlere anyk tabşyryklary berdi.


03.05.2026 12:23
8.3k+

​Глава Халк Маслахаты ознакомился с ходом возведения мечети и музея в Аркадаге

​2 мая председатель Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов посетил город Аркадаг, где детально ознакомился с ходом возведения мечети и сопутствующих объектов в рамках второй очереди застройки....

02.05.2026 08:13
2.6k+

Туркменистан примет участие в крупных мероприятиях в Казани, Лондоне и Баку

В мае представители Туркменистана примут участие в ряде крупных международных мероприятий. Об этом в пятницу на заседании Правительства по цифровой системе отчитался вице-премьер, министр иностранных дел Рашид......

29.04.2026 15:09
1.4k+

В МИД Туркменистана подвели итоги внешнеполитической деятельности с начала года

28 апреля министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов провёл брифинг, посвящённый основным событиям международной деятельности страны с начала года. Об этом сообщили в пресс-службе внешнеполитического......

22.04.2026 14:43
10k+

Национальный Лидер выразил недовольство ходом строительных работ в Аркадаге

На рабочем совещании в городе Аркадаг председатель Халк Маслахаты Гурбангулы Бердымухамедов выразил недовольство темпами и качеством строительных работ, проводимых в рамках второй очереди застройки города....