Türkmenistan Owganystan boýunça täze hyzmatdaşlyk meýdançalaryny döretmegiň tarapdary

  • 09.09.2021 00:40
  • 8.6k+

8-nji sentýabrda Owganystan boýunça ministrleriň wideoaragatnaşyk arkaly köptaraplaýyn duşuşygy  geçirildi. Bu ýurtdaky häzirki ýagdaýlar nobatdaky duşuşygyň esasy temasy boldy. Duşuşyga türkmen tarapyndan hem wekil gatnaşyp, ýakyn goňşy  hökmünde Türkmenistan üçin syýasy, ykdysady hem-de ynsanperwer nukdaýnazardan Owganystanda durnuklylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagynyň möhümdigi barada çykyş etdi.

ABŞ-nyň we GFR-iň daşary syýasat edaralary tarapyndan öňe sürlen wirtual söhbetdeşlige dünýäniň 20-den gowrak döwletleriniň DIM-leriniň ýolbaşçylary, BMG-niň, ÝB-niň hem-de NATO-nyň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşikleriň esasy temasyna salgylanmak arkaly, gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Owganystandaky häzirki ýagdaýlar we halkara jemgyýetçiligiň owgan ugry boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegindäki tagallalary babatda pikir alyşdylar.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habarynda bellenilişi ýaly, türkmen tarapy Owganystan babatda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmegiň derwaýyslygyny nygtamak bilen, bu ýurtda parahatçylygy we raýat ylalaşygyny gazanmaga, howpsuzlygy hem-de durmuş ulgamynyň durnuklylygyny, şeýle-de owgan halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen köptaraplaýyn özara hereketleriň netijeli gurallarynyň esaslandyrylmagynyň wajypdygyny nygtady. 


düýn 20:46
976

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......