Gidrometeorologiýa gullugynyň 8-nji sentýabrda boljak howa baradaky maglumaty

Gidrometeorologiýa gullugynyň 8-nji sentýabrda boljak howa baradaky maglumaty

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 8-nji sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +25°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 25 — 45 %.
Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24°, gündizine +31... +33° maýyl bolar. Howanyň basyşy 708 mm, çyglylygy 30 — 50 %.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 16 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19... +24°, gündizine +29... +34°, kenarýaka etraplarynda +26... +31° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +29... +31°, basyşy 750 mm, çyglylygy 35 — 55 %.
Awazada: howa +27... +29°, basyşy 756 mm, çyglylygy 30 — 50 %.
Balkanabat şäherinde: howa +31... +33°, basyşy 759 mm, çyglylygy 25 — 45 %.

 Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metr, käýerlerinde 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +25°, gündizine +31... +36° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +33... +35°, basyşy 737 mm, çyglylygy 15 — 35 %.
Tejen şäherinde: howa +34... +36°, basyşy 744 mm, çyglylygy 25 — 45 %.

Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19... +24°, gündizine +31... +36° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +33... +35°, basyşy 740 mm, çyglylygy 15 — 35 %.
Baýramaly şäherinde: howa +34... +36°, basyşy 737 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19... +24° maýyl, gündizine +32... +37° yssy bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +34... +36°, basyşy 741 mm, çyglylygy 15 — 35 %.
Kerki şäherinde: howa +35... +37°, basyşy 736 mm, çyglylygy 10-30 %.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metr, käýerlerinde 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18... +23°, gündizine +28... +33° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +31... +33°, basyşy 754 mm, çyglylygy 15 — 35 %.
Köneürgenç şäherinde: howa +28... +30°, basyşy 750 mm, çyglylygy 10 — 30 %.