Президент Туркменистана провёл рабочее совещание по цифровой системе

  • 07.09.2021 10:27
  • 11k+

6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutany iş maslahatynyň dowamynda gezekli-gezegine welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňläp, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde welaýatlarda alnyp barylýan işleriň, şanly sene mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky gurluşyklaryň ýagdaýlaryy, şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar barada anyk görkezmelerini berdi.

Şeýle hem häkimlere 8-nji sentýabrda pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygmak üçin ähli zerur şertleri görmek, pagtany kombaýnlaryň kömegi bilen ýygmak üçin gowaçalaryň ýapragyny düşürmek işlerini talabalaýyk geçirmek, şol bir wagtyň özünde welaýatlarda güýzlük ýeralmadan, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýola goýulmalydygy barada tabşyryklar berildi. Şeýle-de Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna 15-nji sentýabrda başlamak, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin ýerine ýetirilýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy.


вчера 19:38
3.4k+

Рашид Мередов встретился с украинскими дипломатами

25 июня министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов встретился с заместителем министра иностранных дел Украины Олександром Мищенко и специальным представителем МИД Украины по связям со странами......

вчера 19:26
1.3k+

Прошли туркмено-украинские политконсультации на уровне замминистров иностранных дел

25 июня в Министерстве иностранных дел Туркменистана состоялись туркмено-украинские политические консультации на уровне заместителей министров иностранных дел....

26.06.2026 20:55
2.9k+

Тошиаки Эндо вручили юбилейную медаль Туркменистана

25 июня в здании парламента Японии в Токио бывшему председателю японо-туркменской парламентской Лиги дружбы Тошиаки Эндо вручили юбилейную медаль Туркменистана «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna»,......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Туркменистан и Казахстан определили новые направления экономического сотрудничества

24 июня в Астане состоялось очередное заседание Совместной межправительственной комиссии по экономическому, научно-техническому и культурному сотрудничеству между Туркменистаном и Казахстаном. По итогам......