Şweýsariýada Pi sanyny hasaplamak boýunça dünýä rekordy goýuldy

  • 19.08.2021 16:29
  • 10k+

Graubýunden amaly ylymlarynyň ýokary mekdebiniň hünärmenleri Pi sanyny hasaplamak boýunça täze rekord goýdular: olar superkompýuteriň kömegi bilen oturdan soň 62,8 trilliondan gowrak sifri anyklamagy başardylar, bu mundan öňki dünýä rekordyndan 12,8 trillion sifr köpdür diýip, realnoevremya.ru habar berýär.

“Şenbe güni ir sagat 9:30-da Analitikanyň we modelirleme wizualizasiýasynyň maglumatlar merkeziniň (DAVIS) ýokary öndürijilikli kompýuteri oturdan soň 62 831 853 071 796 sifr bilen Pi sanyny hasaplamagy üstünlikli tamamlady. Şeýlelik bilen, goşmaça 12,8 trln sifr belli boldy we öňki 50 trln rekord täzelendi” – diýlip, habarda aýdylýar.

Pi-niň soňky on sifri şeýle: 7817924264.

DAVIS merkezindäki hasap işi üçin 108 gün we 9 sagat gerek boldy. Bu 2020-nji ýylda öňki rekordy goýmak üçin sarp edilen wagtdan ep-esli azdyr. Onuň awtory amerikaly Timoti Mýullikanyň hasap işine 303 gün gerek boldy.


düýn 10:53
2.6k+

Astronomlar ilkinji gezek goşa supernowa partlamasynyň «barmak yzyny» surata aldylar

Çilidäki Ýewropanyň günorta obserwatoriýasynyň (ESO) Örän uly teleskobyndan (VLT) peýdalanan astronomlar «Ia» görnüşli ýaş supernowa galyndysy bolan SNR 0509-67.5-iň suratyny aldylar. Onuň ýaşynyň 300-350 ýyl aralygyndadygy çaklanýar...

06.07.2025 15:46
9k+

ABŞ-da mallary goramak üçin milliardlarça tohumsyz siňekler köpeldiler

ABŞ-nyň hökümeti Tehasda we Meksikada et senagatyny Amerikanyň tropik et siňeginiň (Cochliomyia hominivorax) zabun liçinkalaryndan halas etmek üçin uly taslamany durmuşa geçirip başlady. Bu siňekler mallaryň ýarasynda ýumurtga taşlaýarlar, bu bolsa iri şahly mallaryň kesellemegine we  ölmegine sebäp bolup bilýär...

06.07.2025 15:03
10k+

Heopsyň piramidasynda hakyky gurluşykçylaryň atlary tapyldy, olar gul däl bolup çykdy

Arheologlar Heopsyň piramidasynda ozal näbelli ýazgylary tapdylar, bu onuň gurluşykçylarynyň gelip çykyşyny anyklamaga kömek edýär diýip, Daily Mail ýazýar. Müsüri öwreniji alym Zahi Hawassyň berýän maglumatlaryna görä, täze açyşlar gadymy grek awtorlarynyň piramidany 100 müň sany gullaryň gurandygy baradaky tassyklamany ýalana çykarýar...

06.07.2025 14:44
6.6k+

Arheolog Ispaniýanyň golaýynda rowaýata öwrülen Atlantida şäherini tapandygyny aýdýar

Britaniýaly arheolog Maýkl Donnellan Atlantidanyň Ispaniýanyň kenaryndan üç kilometr uzaklykda, Kadis şäheriniň golaýynda ýerleşip biljekdigini aýtdy. Bu barada alymyň alternatiw taryha bagyşlanan Cosmic Summit konferensiýasynda eden çykyşyna salgylanýan, Daily Mail ýazýar...