Türkmenistanda 6-njy awgustda nähili howa bolar?

Türkmenistanda 6-njy awgustda nähili howa bolar?

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 6-njy awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26... +28° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +26° maýyl, gündizine +36... +41°, kenarýaka etraplarynda +32... +37° yssy bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +35... +37°, basyşy 748 mm, çyglylygy 25 — 45 %.
Awazada: howa +34... +36°, basyşy 753 mm, çyglylygy 30 — 50 %.
Balkanabat şäherinde: howa +38... +40°, basyşy 755 mm, çyglylygy 25 — 45 %.

Ahal welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +28° maýyl, gündizine +36... +41° yssy bolar.
Änew şäherinde: howa +39... +41°, basyşy 731 mm, çyglylygy 10 — 30 %.
Tejen şäherinde: howa +38... +40°, basyşy 739 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Mary welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +26° maýyl, gündizine +36... +41° yssy bolar.
Mary şäherinde: howa +38... +40°, basyşy 735 mm, çyglylygy 15 — 35 %.
Baýramaly şäherinde: howa +39... +41°, basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Lebap welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +27° maýyl, gündizine +37... +42° yssy bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +39... +41°, basyşy 736 mm, çyglylygy 10 — 30 %.
Kerki şäherinde: howa +40... +42°, basyşy 731 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +26° maýyl, gündizine +36... +41° yssy bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +39... +41°, basyşy 749 mm, çyglylygy 15 — 35 %
Köneürgenç şäherinde: howa +38... +40°, basyşy 751 mm, çyglylygy 20 — 40 %.