Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylar «Awaza» gelýär

  • 05.08.2021 12:53
  • 13k+

5-nji awgustda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşjak Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldiler. Howa menzilinde wekiliýetleri Türkmenistanyň resmi adamlary garşy aldylar.

Howa menzilinde COVID-19 test barlagyndan geçirilen wekiliýet agzalary «Berkarar» myhmanhanasyna ýerleşdirildi.
Öň habar berşimiz ýaly, «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda 6-njy awgustda halkara derejeli çäreleriň birnäçesi, şol sanda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçiriler.
TmCars.info-nyň habarçylary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän bu wakalara ýakyndan gatnaşyp, habarlary okyjylaryna tiz ýetirip durar.


şu gün 11:41
1.3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
1.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.4k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......