6-njy awgustda Awazada halkara çäreleriň 6-sy geçiriler

  • 19.07.2021 14:39
  • 7.3k+

Hökümetiň 17-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda jemi 6 sany möhüm halkara çäre geçiriler. Olar

  • Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy;
  • sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy;
  • Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara sergisi;
  • Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy;
  • Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisi;
  • sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti

Olaryň ählisi Türkmenistanyň Merkezi Aziýada halkara maslahatlaryň geçirilýän ýurdy hökmünde eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygyny görkezýär.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleriniň howa menzilinde we serhet geçiriş nokatlarynda wekiliýet agzalarynyň polimeraz zynjyrly reaksiýa barlagyny guramagyň, kesgitlenen ýerlerde hereket edýän lukmançylyk nokatlarynyň gije-gündiziň dowamynda nobatçylygyny ýola goýmagyň zerurdygyny aýtdy.
Halkara forumlaryň geçirilýän döwründe düzgün-tertibi ýola goýmak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine üns çekilip, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berildi. Halkara çäreleriň geçirilýän döwründe «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ähli çäklerinde, myhmanhanalarda arassaçylyk, abadançylyk çärelerine-de möhüm ähmiýet berilmelidir.


18.06.2026 09:55
876

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

14.05.2026 19:01
2k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

26.04.2026 09:48
2.3k+

Türkmenistan we ESCAP ulag, howa we sebit taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy

Bangkokda geçirilen ESCAP-yň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary......