Wenesuelaly ýeňil atletikaçy 26 ýyl saklanan Olimpiýa rekordyny täzeledi

  • 01.08.2021 18:19
  • 10k+

Wenesuelaly ýeňil atletikaçy Ýulimar Rohas Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda üçleýin bökmekde altyn medala mynasyp boldy.

25 ýaşly türgen 15,67 m netije görkezip, täze dünýä rekordyny goýdy. Mundan öňki rekord görkeziji 1995-nji ýylda ukrainaly Inessa Krawes tarapyndan (15,50 m) goýlupdy.
Bu ýaryşda ikinji orna Portugaliýadan Patrisiýa Mamona (15,01 m), üçünji orna Ispaniýadan Ana Peleteýro (14,87 m) mynasyp boldy.
Wenesueladan dünýäniň iki gezek çempiony Olimpiýa oýunlarynda ilkinji altyn medalyny gazandy, Rio-2016-da ol kümüş medal alypdy.


26.06.2026 23:43
7.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....