Günorta Afrikada we Awstraliýada 1,3 milliard ýewrolyk teleskoplar gurlar

  • 21.07.2021 19:44
  • 5.6k+

Günorta Afrikanyň Milli Gözleg Gaznasy bilen Günorta Afrika Radio Astronomiýa Obserwatoriýasy bilelikde dünýäniň iň uly radio teleskopyny gurmak üçin 1,3 milliard ýewrolyk taslama boýunça işiň başlandygyny mälim etdiler. Bu hakda "Global Constructor Review" salgylanyp, news.rambler.ru habar berdi.

Taslama gatnaşyjy ýurtlar Günorta Afrikada we Awstraliýada “Square Kilometre Array” (SKAO) iki massiwiniň gurluşygyna başlamaga rugsat berdiler. Yzarlaýan radio ýygylyklaryna laýyklykda, bu iki teleskopa SKA-Low (Awstraliýa) we SKA-Mid (Günorta Afrika) diýlip at berildi. SKA-Mid teleskopy Günorta Afrika MeerKAT radio teleskop massiwini, SKA-Low bolsa Awstraliýada bar bolan prototip stansiýasyny öz içine alar.

“Begenjimden iki bolup bilemok. Açylyş üçin 30 ýyllap taýýarlyk görüldi. Häzirki wagtda adamzat dünýädäki iň uly ylmy desgany, bir hem däl, Älemiň iň haýran galdyryjy syrlaryny açmak üçin döredilen iň uly we çylşyrymly radio teleskoplaryň ikisini gurmagy öz egnine alyp, ýene-de bir ägirt uly ädim ädýär" diýip, SKAO-nyň müdiri Filipp Daýmond bu barada teswir berdi.


şu gün 10:53
243

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....