Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň täze Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşar

  • 21.07.2021 15:14
  • 12k+

20-nji iýulda Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň go­laý­da saý­la­nan Pre­zi­den­ti Se­ýed Eb­ra­him Rai­si­niň ara­syn­da te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik bol­dy. Türkmen Lideri Se­ýed Eb­ra­him Rai­si­ni go­laý­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da ga­za­nan ynam­ly ýeň­şi bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­dy hem-de jo­gap­kär­li döw­let işin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Söh­bet­deş­ler mä­hir­li sa­lam­la­şyp, mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my­nyň gel­me­gi bilen bi­rek-bi­re­gi gut­la­dy­lar hem-de dost­luk­ly goň­şy döw­let­le­riň halk­la­ry­na parahat­çy­lyk we bagt ar­zuw et­di­ler.
Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýy­lyň 5-nji aw­gus­tyn­da ge­çi­ril­jek Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň we­zi­pe­si­ne gi­riş­mek da­ba­ra­sy­na gat­naş­mak ba­ra­da­ky ibe­ren ça­ky­ly­gy üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di. Türkmenistanyň Prezidenti we­zi­pä gi­riş­mek da­ba­ra­sy­nyň ýur­du­myz­da ozal ylalaşalan ýo­ka­ry de­re­je­li hal­ka­ra çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän se­ne­si­ne ga­bat gel­ýän­di­gi se­bäp­li, bu mö­hüm çä­rä hut özü­niň gat­naş­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­me­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Eý­ra­na ýo­ka­ry de­re­je­li türk­men we­ki­li­ýe­ti ibe­ri­ler.
Dost­luk­ly döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny gut­lag­lar üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, türk­men Li­de­ri bi­len iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ýag­da­ýy we gel­je­gi ba­ra­da pi­kir alyş­ma­ga, özara gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän hal­ka­ra, se­bit sy­ýa­sa­ty­nyň kä­bir me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ka­na­gat­lan­ma bil­dir­di.


düýn 11:41
2.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......