«Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynda geçirilen duşuşyga Sergeý Lawrow gatnaşdy

«Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynda geçirilen duşuşyga Sergeý Lawrow gatnaşdy

16-njy iýulda Daşkentde “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň dördünji mejlisi geçirildi. Oňa Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Nurlan Niýazliýew we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň işjeň meselelerini ara alyp masahatlaşdylar. Sebit we halkara düzümleriň çäklerinde özara hereketleriň netijeliligi bellenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna we sebit howpsuzlygynyň meselelerine, hususan-da, Owganystandaky ýagdaýlara seretdiler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş etmek bilen, söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýokary ösüş depginini belledi. Owgan meselesini maslahatlaşmagyň barşynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Owganystanda parahatçylygy dikeltmegiň Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly we düýpli ösüşiniň möhüm düzümleriniň biri bolup durýandygyny nygtady. Ol Owganystandaky ýagdaýlary bar bolan ähli mümkinçilikleri peýdalanmak arkaly düzgünleşdirmegiň ýollaryny gözlemegiň ähmiýetini belledi, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň öňe süren Owganystan baradaky başlangyçlarynyň çäklerinde özara gatnaşyklary güýçlendirmegi teklip etdi.
Mejlisiň jemleri boýunça daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler.