Türkmenistanda şu hepdäniň howa maglumaty

Türkmenistanda şu hepdäniň howa maglumaty

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny dykgatyňyza ýetirýär.

Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +41... +46 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +36... +41 gradus yssy bolar.

Ahal welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +23... +28 gradusdan +27… +32 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradusdan +41...+46 gradus aralygynda yssy bolar.

Mary welaýatynda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +26... +31 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +36...+41 gradusdan +41... +46 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +27... +32 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +36... +41 gradusdan +41... +46 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +26... +31 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradusdan +41... +46 gradus aralygynda yssy bolar.

Paýtagtymyz Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 10 metrden 11 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +25... +27 gradusdan +29... +31 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +36... +38 gradusdan +44... +46 gradus aralygynda yssy bolar.