Ilon Mask özüniň soňky jaýyny satýar

  • 16.06.2021 20:47
  • 23k+

"Tesla-nyň" esaslandyryjysy Ilon Mask Twitterde özüniň iň soňky öýüni - San-Fransisko aýlag sebitindäki uly jaýyny satmak kararyna gelendigini aýtdy. Bu barada kommersant.ru habar berdi.

Bu jaýy satmak bilen, telekeçi bir ýyl mundan ozal ähli mülküni we galan emläginiň ep-esli bölegini satmak baradaky wadasyny resmi taýdan ýerine ýetirer.

“Men özümde galan iň soňky jaýymy satmagy makul bildim. Ony içinde ýaşaýjak bir uly maşgalanyň satyn almagy gerek. Bu aýratyn ýer"-diýip, Mask Twitterde ýazdy.

Mask bu wadany özüniň biçak baýdygy baradaky tankytlamalara jogap hökmünde beripdi. Onuň iň soňky jaýynyň satylýandygy baradaky habar "ProPublica"-nyň derňewiniň maglumatlary çap edilenden bir hepde soň mälim bolupdy. Onda Ilon Mask ýaly 25 sany amerikaly baýyň umumy düzgünlerde görkezilen girdeji salgydyny ep-esli az töländigi barada aýdylýar.
2020-nji ýylyň maý aýynda Ilon Maskyň gozgalmaýan emläginiň tutuş portfeliniň bahasy 100 million dollar, ýagny Los Anjelesdäki we San-Fransiskodaky ýedi sany kaşaň jaý boldy. Iň soňky jaýyň satylmagy bilen, telekeçiniň eýeçiliginde hiç hili gozgalmaýan emläk galmaýar. Onuň özi bolsa geçen ýyldan bäri Tehasda ýaşaýar we 50 000 dollara öz gözegçilik edýän “SpaceX” kompaniýasyndan jaý kärendesine alýar.


şu gün 13:09
3.7k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

şu gün 12:35
1.2k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......