Türkmenistanda ralli-reýd boýunça çempionatyň netijeleri jemlendi

  • şu gün 07:49
  • 2k+

27-28-nji iýun aralygynda Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäginde ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Umumy uzynlygy 358 kilometre barabar bolan iki günlük ýaryş Garagum çölüniň iň çylşyrymly ýerlerinden geçdi. Bu barada THP habar berýär.

Ýaryşyň ugry iki tapgyra bölünip, birinji tizlikli bölegiň aralygy 181,32 km, ikinji tapgyryňky bolsa 61,43 km boldy. 

Çempionat Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasy, Içeri işler ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, şeýle hem Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guraldy. Ýaryşa ýurduň degişli federasiýasyna we ministrliklerine, şol sanda Awtomobil ulaglary ministrligine wekilçilik edýän ekipažlar gatnaşdy.

Iki günlük bäsleşigiň netijeleri boýunça umumy hasapda çempionatyň ýeňijileri we baýrakly orunlaryň eýeleri kesgitlendi.

Ýaryşda iň ýokary netijäni Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň türgeni Baýram Annagulyýew görkezdi. Ol Nissan Patrol awtomobilinde ýoly 3 sagat 39 minut 56 sekuntda geçip, birinji orny eýeledi.

Ikinji orna Nissan Patrol ulagynda 3 sagat 46 minut we 1 sekunt netije bilen Awtomobil ulaglary ministrliginiň wekili Merdan Toýlyýew mynasyp boldy.

Üçlügi bolsa Toyota Hilux awtomobili bilen pellehana 4 sagat 2 minutda gelen Ahal welaýatynyň polisiýa müdirliginiň işgäri Çaryýar Çaryýarow jemledi.


düýn 21:55
4.6k+

Maýsa Pardaýewa Sindaodaky dzýudo boýunça Gran-pride ilkinji altyn medalyny gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 28-nji iýunda Hytaýyň Sindao şäherinde tamamlanan dzýudo boýunça Gran-pri tapgyrynda uly ýeňiş gazandy. 57 kg çenli agram derejesinde çykyş eden 21 ýaşly türgen ähli güýçli......

22.06.2026 17:52
5.3k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......