Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 28-nji iýunda Hytaýyň Sindao şäherinde tamamlanan dzýudo boýunça Gran-pri tapgyrynda uly ýeňiş gazandy. 57 kg çenli agram derejesinde çykyş eden 21 ýaşly türgen ähli güýçli bäsdeşlerinden üstün çykyp, ýaryşyň hakyky açyşyna öwrüldi.
Mundan öň Ulan-Batorda (Mongoliýa) geçirilen «Uly tuwulga» ýaryşynda bürünç medal gazanan we 2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna wekilçilik eden Pardaýewa üçin bu ýaryş karýerasynda şöhratly pursat boldy.
Finala barýan ýol we aýgytlaýjy tutluşyk
Ýarym finalda Maýsa ýaponiýaly dzýudoçy Momo Tamaokiniň ýeňişli tapgyryny bes edip, baş tutluşyga gatnaşmaga hukuk gazandy.
Finalda ol eýýäm birnäçe ajaýyp tutluşyklary geçiren (şol sanda russiýaly Irina Zuewany ýeňen) Fransiýanyň wekili Marta Fawaz bilen duşuşdy. Türkmen we fransuz türgenleriniň arasyndaky aýgytlaýjy tutluşyk örän dartgynly boldy.
Esasy wagtda bäsdeşleriň hiç birisi netijeli emel görkezip bilmedi we tutluşyk «altyn hasap» (ilkinji tehniki herekete çenli) tapgyryna geçdi. Goşmaça wagtyň başynda Pardaýewa duýduryş (jerime) aldy, bu bolsa ýagdaýy has-da kynlaşdyrdy.
Şondan tiz wagtdan soň, Fawaz «uti-mata» usuly bilen zyňmaga synanyşdy, ýöne öz ugruny ýitirdi. Maýsa bolsa muňa dessin garşylyk görkezdi: ol «ura-nage» emeli arkaly bäsdeşini arkanlygyna oklap, «ippon» (arassa ýeňiş) bahasyny aldy we altyn medal gazandy.
«Dzýudoda birinji orny eýelemek elmydama meniň iň uly arzuwymdy. Bu meniň halkara arenasyndaky iň birinji altyn medalym we men muňa örän buýsanýaryn. Halkara ýaryşlaryndaky bu uly üstünlik meniň Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmäge bolan islegimi we höwesimi has-da artdyrdy. Meniň indiki maksadym — 34-nji Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanmak» — diýip, ol ýeňişden soňky duýgularyny paýlaşdy.
Bu agram derejesinde bürünç medallaryň ykbaly iki tutluşykda çözüldi. Maýsadan ýeňlen ýaponiýaly Momo Tamaoki mongoliýaly Oýuunçimeg Oýuungereli agyryly usul («kansetsu-wadza») arkaly boýun egdirdi. Russiýaly Irina Zuewa bolsa belgiýaly Mina Liberi ýiti göreşde «asi-wadza» arkaly ýeňip, aýgytlaýjy «ýuko» bahasyny almagy başardy.
Ýygyndynyň netijeleri we olimpiýa saýlama tapgyry
Sindaodaky ýaryş dünýä dzýudosy üçin örän uly ähmiýete eýedir, sebäbi ol 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlary üçin saýlama tapgyrynyň ikinji tapgyry bolup durýar.
Bu bäsleşiklerde Türkmenistana 16 sany türgen wekilçilik etdi. Maýsa Pardaýewanyň gazanan ajaýyp altyn medalyndan başga-da, milli ýygyndynyň düzüminde iň gowy netijäni Baýmyrat Majanow görkezdi. Ol 100 kg çenli agram derejesinde çykyş edip, 7-nji orny eýeledi.
Mundan öň Pardaýewa Warşawada geçirilen Yklymara Ýewropa kubogynda («Warsaw European Open 2024») altyn medal gazanypdy, şeýle hem ýaşlaryň arasynda Aziýa kubogynyň çempiony (2022 we 2023-nji ýyllarda), Saraýewoda ýaşlaryň arasynda geçirilen Ýewropa kubogynyň kümüş baýrakçysy (2023) we Hançžoudaky Aziýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi (2023) bolupdy.

