Barlaglar doglan wagtyňdaky pes agramy irki akyl ösüşiniň yza galmagy bilen baglaýarlar

  • şu gün 10:44
  • 973

Bilefeld uniwersitetiniň barlagçylary agramy has pes bolup doglan çagalaryň, ortaça alanyňda, ýetginjekligiň irki döwründe akyl ukyplaryny anyklaýan synaglarda beýlekilerden pes netije görkezýändiklerini ýüze çykardylar.

Bu netijeler Germaniýanyň «TwinLife» taslamasynyň 4 müňden gowrak gatnaşyjysynyň maglumatlaryna seljerme geçirmek esasynda alyndy. Alymlar birmeňzeş şertlerde önüp-ösen ekizleri özara deňeşdirdiler, bu bolsa hamylalyk döwründe täsir eden şertleriň derejesini has takyk kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Barlaglar takmynan 12 ýaş töweregindäki döwürde, has uly agramda doglan ekizleriň adatça, akyl-paýhas soragnamalaryna beýlekilerden gowy jogap berendigini görkezdi. Şol bir wagtyň özünde, 18 ýaş töwereginde bu tapawutlar ýok diýen ýaly bolup gitdi we deňeşdirmek zerurlygy aradan aýryldy.

Işiň awtorlarynyň pikirine görä, enäniň göwresindäki ösüş şertleri irki akyl ösüşine täsir edip biler, ýöne wagt geçmegi bilen bu parhyň ýitip, adaty çagalar bilen deňleşmek mümkinçiligi-de uludyr.

Barlagçylar çaganyň durmuşynyň ilkinji ýyllaryndaky akyl ösüşine enäniň saglygyna göwrelilik döwründäki edilen idegiň hiliniň-de ýiti täsiriniň bardygyny ýatladýarlar.


28.06.2026 23:54
4k+

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

28.06.2026 00:03
3.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 12:00
4.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

27.06.2026 11:02
2k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....