Hytaýda içinde birje adam hem işlemeýän myhmanhana açylar

  • şu gün 08:07
  • 3.8k+

Hytaýyň Pudu Robotics kompaniýasy tutuşlygyna robotlar tarapyndan dolandyryljak we adam zähmetini talap etmejek täze bir myhmanhananyň gurluşygyny yglan etdi. Bu desganyň resmi taýdan açylmagy 2027-nji ýyla meýilleşdirilýär.

Myhmanhana Günbatar emeli adasynda ýerleşer. Onuň içinde 44 sany ýokary hilli otag, restoran, sport zaly we myhmanlar üçin niýetlenen beýleki otaglar bolar. Ähli hyzmatlar bir bitewi akylly ulgama birleşdiriler. Bu ulgam myhmanlaryň hasaba durmagyndan başlap, otaglaryň arassalygyna çenli ähli işleri üpjün eder.

Myhmanhanany «PuduFM 1.0» programma platformasy we «PuduAgent» emeli aň agenti dolandyrar. Awtomatlaşdyrylan söwda ulgamyndan sargytlary daşamak işine «FlashBot» roboty jogap berer, «PUDU T300» roboty ýükleri daşar, «PUDU CC1 Pro» we «PUDU MT1» robotlary bolsa hapa-galyndylary tanamak tehnologiyasy arkaly otaglary arassalamak bilen meşgullanar.

Pudu Robotics kompaniýasynyň mälim etmegine görä, ähli robotlar bitewi akylly ulgam esasynda bilelikde işleşerler. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, şeýle ulgam robotlara öz hereketlerini utgaşdyrmaga, ýollary özbaşdak saýlamaga, üýtgeýän şertlere uýgunlaşmaga we adamyň ýardamy bolmazdan dürli wezipeleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Taslama tapgyrlaýyn amala aşyrylar. 2026-njy ýylyň ahyrynda geljek ýolagçylar üçin ilkinji birnäçe otaglar we robotlaşdyrylan hyzmatlaryň bir bölegi synag hökmünde açylar.

Bu myhmanhana Günbatar emeli adasyny ösdürmek taslamalarynyň biri bolar. Bu adada ýakyn dört ýylyň dowamynda syýahatçylyk we hyzmatlar pudagynda robot tehnologiýalarynyň ulanylyşyny has-da giňeltmek meýilleşdirilýär.


11.06.2026 23:52
8.8k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

07.06.2026 19:54
2.3k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....