Praganyň howa menzili «Routes Europe 2026» baýraklarynyň absolýut ýeňijisi boldy

  • 26.05.2026 09:49
  • 2.2k+

Çehiýanyň paýtagty Praganyň howa menzili halkara gatnaw ýollarynyň sanyny çalt depginde artdyrmagy we ýolagçy akymyny giňeltmegi başaryp, «Routes Europe 2026» bäsleşiginiň iň uly we baş baýragyna mynasyp boldy.

Bu hakda Italiýanyň Rimini şäherinde geçirilen «Routes Europe 2026» forumynda yglan edildi. Baýraklar aeroportlara, awiakompaniýalara we syýahatçylyk guramalaryna gatnaw ugurlaryny ösdürmekde hem-de özara hyzmatdaşlykda gazanan üstünlikleri üçin berilýär.

Praganyň howa menzili diňe bir baş baýragy almak bilen çäklenmän, eýsem ýyllyk ýolagçy sany 5 milliondan 20 milliona çenli bolan aeroportlaryň arasynda hem birinji boldy.

2025-nji ýylda Çehiýanyň bu iň uly awiasiýa merkezi 17,8 million ýolagça hyzmat etdi. Bu bolsa öňki ýyl bilen deňeşdirilende 8,5% köp bolup, pandemiýadan öňki ýokary görkezijilerden hem geçmegi başardy.

Diňe 2025-nji ýylyň özünde aeroportuň goldawy bilen 24 sany ugur boýunça 46 sany täze marşrut açyldy. Praga uçup başlan täze awiakompaniýalaryň sany 12-ä, umumy hyzmatdaş daşaýjylaryň sany bolsa 89-a ýetdi.

– Ýewropanyň beýleki uly howa menzilleriniň arasyndaky örän güýçli bäsleşigiň içinde bu iki baýragy almak biziň üçin örän uly üstünlikdir – diýip, Praga aeroportunyň ösüş boýunça ýolbaşçysy Irži Wyskoç belleýär.

Howa menziliniň täze maksatnamasy bar bolan gatnawlaryň sanyny köpeltmek bilen birlikde, dünýäniň iň uly ykdysady merkezlerine göni uçuşlary açmagy hem göz öňünde tutýar.

Açylan täze ugurlar: Seul (Günorta Koreýa), Abu-Dabi (BAE), Toronto (Kanada) we Şarža.

2026-njy ýyldaky täze meýilnamalar: ýakyn wagtda Filadelfiýa (ABŞ) we Taýbeý (Taýwan) şäherlerine hem göni gatnawlary açmak meýilleşdirilýär.

Şeýle-de «Routes Europe 2026» baýrak gowşurylyşynda Britaniýanyň «Jet2» awiakompaniýasy eýýäm bassyr üçünji ýyl Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy diýlip yglan edildi.


14.06.2026 14:04
3.4k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

07.06.2026 10:04
7.9k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

07.06.2026 10:00
3.9k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

02.06.2026 11:16
2.3k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......