HBO Max 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda çykjak täze seriallary görkezdi

  • 26.05.2026 15:52
  • 2.2k+

HBO Max platformasy 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda ekrana çykaryljak taslamalaryň tanyşdyryş wideosyny hödürledi. Onda «Harri Potter we jadygöýiň daşy», «Fonarlar» (Lanterns), «Aždarhanyň öýi» ýaly seriallardan hem-de beýleki täze filmlerden kadrlar görkezilýär.

«Diri galan oglanjyk» baradaky täze serial tomaşaçylaryň aýratyn ünsüni çekdi. Tizerde ilkinji gezek ýaş jadygöýiň kwiddiç oýnaýan pursatlary, şeýle hem özüne ilkinji jadyly taýajygy saýlaýan sahnasy görkezildi. Taslamanyň ilkinji resmi premýerasy 2026-njy ýylyň 25-nji dekabryna meýilleşdirilýär. Mundan ozal bu serialyň ilkinji tizeri HBO we HBO Max platformalarynyň taryhynda iň köp tomaşa edilen wideo bolupdy. 

«Aždarhanyň öýi» serialynyň täze möwsüminiň kadrlarynda bolsa Glotkadaky söweş sahnasy — Inçe deňzi Garasuw aýlagy bilen birleşdirýän inçe bogazdaky deňiz söweşi görkezildi. Jorj Martiniň kitaplarynda bu çaknyşyk Westeros taryhyndaky iň ganly we wehimli söweşleriň biri hökmünde suratlandyrylýar.

«Fonarlar» (Lanterns) serialy bolsa supergahrymanlyk sýužetini we detektiw elementlerini özünde jemlär. Birinji möwsümiň sýužetine görä, Jon Stýuart we Hel Jordan Nebraska ştatynda bolup geçen ölümi derňär. Taslamanyň awtorlary mundan ozal bu serialyň döredilmeginde belli bir derejede «Hakyky detektiw» serialynyň atmosferasyndan ylham alnandygyny belläpdi.

Wideoşekilde görkezilen beýleki taslamalaryň arasynda — «Uly partlama teoriýasy» (Теория большого взрыва) serialynyň spin-off görnüşi bolan «Stýuart Älemi halas etjek bolýar» (Стюарт пытается спасти Вселенную), «Hard Knocks: Training Camp with the Seattle Seahawks» atly dokumental serial, şeýle hem «Pitt hassahanasy» (Больница Питт), «Ýaşaýyş, Larri we bagtsyzlygyň kowgusy» (Жизнь, Ларри и погоня за несчастьем), «Hudaýyň nägehanlary» (God's Monsters), «The Man Will Burn», «Uruş» (Война) we «Ýaşlyk» (Юность) ýaly gyzykly taslamalar bar.


13.06.2026 12:14
1.6k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....