«Collider» neşiri soňky 20 ýylyň iň gowy psihologik triller filmlerini saýlady

  • 26.05.2026 06:07
  • 2.5k+

«Collider» neşiri soňky 20 ýylyň dowamynda ekrana çykan iň gowy 10 sany psihologik trilleriň reýtingini neşir etdi. Sanawyň birinji ornuny režissýor Kristofer Nolanyň «Başlangyç» (Inception, 2010) filmi eýeledi.

«Hakyky we täsirli psihologik oýunlaryň sýužetiň özeni bolmagyny hemmämiz gowy görýäris. Bu psihologik trillerleriň umumy triller žanrynyň çäginde iň meşhur we isleg bildirilýän ugur bolup galmagynyň esasy sebäpleriniň biri» – diýip, reýtingi taýýarlan hünärmenler ýazýar.

Baş keşbi Leonardo Di Kaprionyň ýerine ýetirmeginde «Başlangyç» filmi iri kompaniýalaryň gizlin syrlaryny ogurlamak üçin adamlaryň ukusyna, ýagny düýşlerine aralaşýan ogrular topary barada gürrüň berýär.

Sanawyň ikinji ornunda bolsa Darren Aronofskiniň «Gara guw» (Black Swan, 2010) filmi ýerleşdi. Bu filmde Natali Portman kem-kemden hakykat bilen aragatnaşygyny ýitirýän balerina gyzyň keşbini ýerine ýetirýär.

Üçünji orna bolsa režissýor Li Wonnelliň «Göze görünmezek» (The Invisible Man, 2020) filmi mynasyp boldy.

Doly reýting şu aşakdakylardan ybarat:

  • «Başlangyç» (Начало / 2010) — Kristofer Nolan
  • «Gara guw» (Черный лебедь / 2010) — Darren Aronofski
  • «Göze görünmezek / Человек-невидимка» (2020) — Li Wonnell
  • «Soltbörn» (2023) — Emirald Fennel
  • «Ýiten gyz» (Исчезнувшая / 2014) — Dewid Finçer
  • «Güm bol» (Прочь / 2017) — Jordan Pil
  • «Mugthorlar» (Паразиты / 2019) — Pon Jun Ho
  • «Gün säginmesi» (Солнцестояние / 2019) — Ari Aster
  • «Stringer» (Стрингер / 2014) — Den Gilroý
  • «Alada etme, ezizim» (Не беспокойся, дорогая / 2022) — Oliwiýa Waýld

13.06.2026 12:14
1.6k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....