«Liwerpul» 1989/90 çempionlyk möwsüminiň dizaýnynda täze eşigini görkezdi

  • 20.05.2026 15:38
  • 5.4k+

«Liwerpul» futbol kluby Adidas kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan 2026/27 möwsümi üçin täze öý eşigini hödürledi.

Toplumyň dizaýny klubuň 18-nji gezek Angliýanyň çempiony bolan 1989/90 möwsümindäki eşiginden ylham alnyp taýýarlandy.

Köýnekçe 1980-nji ýyllaryň ahyryndaky eşik formasynyň dizaýnyny ýatladýan grafiki surat bilen doýgun gyzyl reňkde ýerine ýetirildi. Klubuň we tehniki hemaýatkäriň logotipleri ak reňkde ýerleşdirildi. Oýunçylaryň familiýalary we belgileri üçin täze şrift ulanyldy.

Arne Slotuň topary täze eşikde ilkinji gezek Premýer-liganyň jemleýji tapgyrynda, öňümizdäki ýekşenbe güni geçiriljek «Brentford» garşy duşuşykda meýdança çykar.

Öý eşik toplumy 2026-njy ýylyň 19-njy maýynda resmi taýdan satuwa çykaryldy.

Şeýle-de, klub myhmançylykda geýjek eşigi baradaky maglumatlar bilen paýlaşdy. Ol goýy gyzyl reňkli logotipler bilen ak reňkde bolar. Ýakasynyň we ýeňleriniň bezeginde gyzyl, ak we çal reňkli zolaklar ulanylýar. «Mersisaýdlylar» bu dizaýnyň nusgawy futbol stilini we köçe modasynyň elementlerini özüne birleşdirýändigini belledi.


şu gün 08:32
2.3k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

16.06.2026 10:04
6.1k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

09.06.2026 22:01
6.6k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

06.06.2026 10:24
6.5k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......