Ululardan tötänleýin eşiden gürrüňleri çaganyň bilesigelijiligine täsir edýär

  • 26.05.2026 19:25
  • 2.5k+

Çagalar tebigaty boýunça örän bilesigeliji bolýarlar, ýöne ýaşyň ulalmagy bilen olar bir zada düşünmänlerinde dymmagy saýlap alýarlar. Child Development atly abraýly ylmy žurnalda çap edilen täze halkara barlagy bu ýagdaýyň garaşylmadyk sebäbini ýüze çykardy.

Çaganyň sorag bermek islegini öçürmek (ýa-da oňa höweslendirmek) üçin uly adamyň oňa göni ýüzlenmegi hökman däl eken. Munuň üçin çaganyň gürrüňi tötänleýin eşitmegi hem ýeterlikdir.

Hangžou pedagogik uniwersitetiniň psihologlary 5–6 ýaşyndaky 440 çaganyň gatnaşmagynda birnäçe tejribe geçirdiler. Netijeler ulularyň gönülemän aýdan baha beriji teswirleriniň çaganyň özüni alyp barşyna düýpli täsir edýändigini görkezdi.

Synag nähili geçdi?

Alymlar täsin bir usulyýet oýlap tapdylar: çaga ýönekeý bir işi (meselem, surat çekmek) ýerine ýetirýärkä, synagçy ýanynda oturyp, telefon arkaly gürleşýän ýaly hereket edipdir. Ol telefon arkaly öň synagda gatnaşan başga bir "çaga" barada dürli teswirleri aýdypdyr:

Şahsyýete gönükdirilen: «Bu çagany diýseň gowy görýän, ol örän başarjaň — düşünenokmy, sorap bilýär» (ýa-da tersine: «Bu çagany ýigrenýän...»).

Özüni alyp barşyna (prosese) gönükdirilen: «Maňa onuň özüni alyp barşy diýseň ýaraýar — ol düşünmeýän zadyny sorap bilýär» (ýa-da: «Şeýle hereketi halamaýaryn...»).

Soragyň hiline gönükdirilen: «O çaganyň beren soragyny gowy gördüm...» (ýa-da: «Beren soragyny halamadym...»).

Synag toparynda bolsa synagçy telefon arkaly çaganyň hereketine baha bermän, diňe tehniki maglumatlary (çaganyň haýsy klasdygyny) sorapdyr.

Gulaga degen sözüň güýji

Barlag, ulularyň şahsyýeti ýa-da soragyň hilini däl-de, hut hereketiň (prosesiň) özüni häsiýetlendirenlerinde görnetin üýtgeşmeleri görkezdi:

Taryplamagyň täsiri: Ulularyň sorag bermegi makullandygyny eşiden çagalar, özleri sorag bermäge 2 esse köp höwes bildirdiler (görkeziji 27.5%-den 60%-e çenli ýokarlandy).

Ýazgarmagyň täsiri: Eger çaga biriniň sorag berendigi üçin tankyt edilýändigini eşidse, onuň öz gözleg işjeňligi iki esse pese düşdi (27.5%-e çenli).

Geçiş täsiri: Üçünji synagda alymlar bu täsiriň "ýokançdygyny" we çaga başga bir işe geçende hem saklanýandygyny subut etdiler.

Psihologlaryň belleýşi ýaly, çagalar özleri dolandyryp bilýän we üýtgedip bilýän hereketlerine baha berlende has duýgur bolýarlar.

Mugallymlar we ene-atalar üçin esasy netije

"Çagalar — kiçijik lingwistik we sosial “aňtawçylar”. Olar ulularyň dünýäsindäki oýun düzgünlerini düşünmek üçin daş-töweregindäki ýagdaýy yzygiderli gözden geçirýärler," diýip barlagçylar belleýärler.

Sorag bermek bilen çaga sosial töwekgelçilige barýar: ol özüniň bilmeýändigini köpçüligiň öňünde boýun alýar. Eger uly adam sorag bermegi erbet hereket hasaplasa, çaga dymmagyň has howpsuzdygyny karara berýär.

Esasy maslahat: Çagalaryň ýanynda başgalaryň hereketine baha bereniňizde seresap boluň. Telefondaky ýa-da aşhanadaky tötänleýin aýdan bir sözüňiz ("gaty köp sorag berýär", "biýynjalyk edýär") çagaňyzyň bilim almaga bolan tebigy höwesini derrew petikläp bilýär.


düýn 19:47
1.1k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

11.06.2026 14:01
8.2k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 11:13
9.2k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

07.06.2026 17:05
9.3k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......