ChatGPT ulanyjylaryň bank hasaplaryna elýeterli bolar

  • 22.05.2026 01:16
  • 2.5k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT üçin «Plaid» platformasy arkaly ulanyjylaryň bank hasaplaryny birikdirmäge mümkinçilik berjek täze funksiýany yglan etdi.

Birikdirilenden soň, çat-bot hasaplaryň balansyny, tranzaksiýalaryň taryhyny, işjeň abunalyklary, maýa goýum portfelini, ipotekany we karz kartlary boýunça bergileri görüp biler. Şol bir wagtda kompaniýa ChatGPT-niň hasaplar boýunça hiç hili amallary geçirip bilmejekdigini we bank kartlarynyň hem-de akkauntlaryň doly belgilerine elýeterlilik almajakdygyny nygtaýar.

OpenAI täze funksiýany şahsy maliýe kömekçisi hökmünde görkezýär. Ulanyjylar býujeti meýilleşdirmek, uly göwrümli söwdalar, kreditler we çykdajylar barada sowallary berip biler.

Ilkinji tapgyrda bu funksiýa diňe ABŞ-da aýda 200 dollarlyk ChatGPT Pro nyrhnamasyny ulanyjylar üçin elýeterli bolar. Geljekde kompaniýa bu elýeterliligi Plus we beýleki derejeli müşderiler üçin hem giňeltmegi meýilleşdirýär.

Şeýle-de, OpenAI ulanyjylaryň bank akkauntlaryny öçürip, ChatGPT-niň maliýe ýadyny bozup biljekdigini, şeýle hem maliýe maglumatlaryny emeli aň modellerini okatmak üçin ulanmagy gadagan edip biljekdigini mälim etdi.

Muňa garamazdan, kompaniýa şeýle maglumatlaryň saklanylyşy we goşmaça gorag gurallary barada giňişleýin aýtmady. Bu funksiýanyň işe girizilmegi OpenAI kompaniýasynyň ChatGPT-ni hemmetaraplaýyn şahsy kömekçi hökmünde ösdürmek strategiýasynyň bir bölegi boldy. Mundan öň kompaniýa lukmançylyk maslahatlary üçin ChatGPT Health režimini hödürläpdi.


düýn 11:22
1.5k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

düýn 11:10
613

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 23:04
2.3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.6k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......