Tailand syýahatçylar üçin wizasyz bolmak möhletini 30 güne çenli gysgaltmak isleýär

  • 17.05.2026 10:14
  • 6.9k+

Tailandyň häkimiýetleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin wizasyz bolmak möhletini 60 günden 30 güne çenli gysgaltmagy göz öňünde tutýar.

Ýurduň daşary işler ministri Sihasak Phuangketkeou hökümetiň gözegçiligi güýçlendirmek üçin bu çäräni gözden geçirýändigini mälim etdi, sebäbi häzirki iki aýlyk möhlet syýahatçy bolmadyk adamlar tarapyndan bikanun maksatlar üçin ulanylyp bilner.

Ministriň aýtmagyna görä, möhleti gysgaltmak baradaky teklip eýýäm öňki administrasiýa tarapyndan taýýarlanypdy, ýöne saýlawlaryň geçirilmegi sebäpli ony ara alyp maslahatlaşmak yza süýşürilipdi. Häzirki wagtda degişli edaralar bilen maslahatlaşmalary geçirmek meýilleşdirilýär. DIM-iň ýolbaşçysy bu başlangyjyň kabul edilmegine çynlakaý böwetleriň bolmagyna garaşmaýandygyny belledi. Mundan başga-da, Sihasak Phuangketkeou beýleki wiza kategoriýalarynyň hem gözden geçirilip, birleşdirilip bilinjekdigini, sebäbi olaryň häzirki sanynyň aşa köp hasaplanýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Premýer-ministr Anutin Çarnwirakul eýýäm bar bolan düzgünleri gaýtadan gözden geçirmek üçin işçi toparyny döretmek barada tabşyryk berdi. Bloomberg agentliginiň bellemegine görä, hökümetiň bu ädimleri migrantlaryň bikanun işjeňligi sebäpli girdejileri howp astyna düşen ýerli işewürleriň şikaýatlaryna jogap boldy.

Häzirki wagtda syýahatçylyk pudagy ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolup durýan ýurduň häkimiýetleri immigrasiýa gözegçiligini güýçlendirmek bilen patyşalygyň myhmanlar üçin özüne çekijiligini saklamagyň arasynda deňagramlylygy tapmaga çalyşýar.

Ýatlap geçsek, Tailandda 60 günlük wizasyz režim 2024-nji ýylyň iýul aýyndan bäri 93 ýurduň we çägiň raýatlary üçin hereket edýär.


25.06.2026 23:36
5.3k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......