UCL barlagy: sungat bilen yzygiderli meşgullanmak garrylygy haýalladýar

  • 14.05.2026 10:30
  • 1.4k+

London uniwersitet kollejiniň alymlarynyň geçiren barlagynda sungat bilen yzygiderli meşgullanmagyň we medeni çärelere gatnaşmagyň biologik garrama hadysasyny haýalladýandygy ýüze çykaryldy.

Beýik Britaniýanyň 3556 sany uly ýaşly ýaşaýjysynyň maglumatlaryna esaslanýan ylmy iş Innovation in Aging žurnalynda çap edildi. Barlagçylar adamlaryň medeni durmuşa gatnaşygyny DNK-da bolup geçýän we bedeniň garrama tizligini görkezýän üýtgeşmeler bilen deňeşdirdiler.

Barlagyň netijelerine görä, iň bolmanda, hepdede bir gezek sungat bilen meşgullanýan adamlar şeýle çärelere seýrek gatnaşýanlara garanyňda takmynan 4% giç garrýarlar. Alymlar bu görkezijini yzygiderli türgenleşýän adamlar bilen sport bilen meşgullanmaýanlaryň arasyndaky tapawut bilen deňeşdirýärler.

Barlagçy Deýzi Fankort: «Munuň sebäbi, sungatyň her bir görnüşiniň saglyga oňyn täsir edýän özüne mahsus «garyndylarynyň» – fiziki, akyl, duýgy ýa-da jemgyýet stimulýasiýasynyň bolmagydyr» diýip belleýär.

Has aýdyň netije 40 ýaşdan uly bolan gatnaşyjylarda ýüze çykdy. Bu täsir hatda çilimkeşlik, bedeniň agram indeksi, girdeji derejesi we bilim ýaly aýratynlyklar hasaba alnanda hem saklanyp galdy.

Barlagyň awtorlary «epigenetik sagat» diýlip atlandyrylýan ýedi sany usuly – DNK-nyň himiki üýtgeşmeleri arkaly biologik ýaşy kesgitlemegiň tärlerini öwrendiler.

PhenoAge diýlip bilinýän başga bir testde bolsa, medeni çärelere yzygiderli gatnaşanlaryň şeýle çärelere seýrek gatnaşan adamlardan biologik taýdan takmynan bir ýaş kiçidigi anyklandy.

Barlagçylar sungat bilen meşgullanmagyň fiziki işjeňlik bilen bir hatarda, sagdyn garramaga ýardam edýän esslaryň biri hökmünde garalyp bilinjekdigini-de mälim etdiler.


düýn 19:43
2k+

Barlag: Adamlar öňkülerinden az gürläp başladylar

Kanzas-Siti şäherindäki Missuri uniwersitetiniň we Arizona uniwersitetiniň alymlary adamlaryň ortaça dilden gepleşigi has az ulanyp başlandyklaryny anykladylar. Barlagyň netijelerine görä, soňky ýyllarda......

düýn 17:17
2.8k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

03.06.2026 23:15
3.1k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

03.06.2026 19:11
2.8k+

Barlag: Çalşykly iş beýni sebitleriniň ikisiniň göwrümini kiçeldýär

Gijeki iş we üýtgeýän iş tertibi köpden bäri beden üçin çynlakaý kyn synag hökmünde ykrar edilip gelinýär. Sirkada ritminiň bozulmalary, dowamly ukusyzlyk, stress we ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiliginiň......