Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň uniwersitetleri akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

  • 12.05.2026 20:28
  • 1.7k+

Tokio şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, taraplar ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Gepleşikler iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda 2015-nji ýylda gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama esasynda geçirildi. Taraplar akademiki alyş-çalyşlary giňeltmek, bilelikdäki bilim başlangyçlary, ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek we halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamakda tejribe alyşmak meselelerine seretdi.

Talyplaryň we mugallymlaryň akademiki hereketliligine aýratyn üns berildi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýew ýapon ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli häsiýete eýedigini hem-de talyplaryň bilim we hünär taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmakda bilelikdäki maksatnamalaryň ähmiýetini belledi.

Türkmen tarapy 2017-nji ýyldan bäri uniwersitetiň 11 talybynyň alyş-çalyş maksatnamalary boýunça Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetinde bilim alandygyny habar berdi.

Şeýle hem, duşuşykda 2016-njy ýyldan bäri Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hereket edýän Global Ýapon ofisiniň alyp barýan işleri bellenilip geçildi.

Gepleşikleriň netijesi boýunça taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.


şu gün 14:31
1.5k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......

şu gün 01:15
3.2k+

Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň uniwersitetleri iň gowularyň reýtinginde orunlaryny güýçlendirdi

Britaniýanyň Quacquarelli Symonds (QS) kompaniýasy dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň QS World University Rankings 2027 reýtingini neşir etdi. Sanawda öňdebaryjy orunlary öňküsi ýaly ABŞ-nyň we Beýik......

19.06.2026 18:41
3.4k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.5k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......