«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

  • 12.05.2026 13:52
  • 6k+

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting» hususy kärhanasy talyplara bu ýoly ynamly geçmäge kömek edýär we oňa her bir ädiminde — uniwersitet saýlamakdan başlap, täze ýurtda uýgunlaşýança hemra bolýar.

Kompaniýanyň esasy artykmaçlyklarynyň biri — dürli ýurtlaryň, şol sanda Italiýanyň, Kanadanyň, Rumyniýanyň we Beýik Britaniýanyň ýokary okuw jaýlary bilen araçysyz, gönüden-göni hyzmatdaşlyk etmegidir. Bu bolsa kärhana maglumatlary ygtybarly we tiz wagtda almaga, üstesine-de dalaşgärlere goşmaça ýeňillikleri, şol sanda okuw üçin goşmaça arzanladyşlary hödürlemäge ýol berýär.

Ýewropada ýokary bilim almak isleýänlerde Italiýa aýratyn gyzyklanma döredýär. Siz bu ýurduň döwlet uniwersitetlerinde tas mugt diýen ýaly okap bolýandygyny bilýärdiňizmi? Uniwersitetleriň birnäçesinde talyplar diňe 156 ýewro administratiw salgydyny töleýärler. Mundan başga-da, «Bereketli Döwrüň» hünärmenleriniň goldawy bilen dalaşgärler 2000-den 9000 ýewra çenli bolan sebit stipendiýalaryna dalaş edip, öz güýjüni synap bilerler.

Elinde TOEFL sertifikaty bolan ýaşlar üçin giriş synagsyz, ykdysadyýet, maliýe, global bazarlar we maglumat ulgamlarynyň inženerligi ýaly isleg bildirilýän ugurlar boýunça gönümel birinji kursa okuwa girmäge mümkinçilik bar.

«Bereketli Döwür» başga-da ençeme ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryna gapyny açýar:

  • Kanada — howpsyz durmuş şertleri, okuwy hünär tejribesi bilen utgaşdyrmak mümkinçiligi bilen öňe saýlanýar;
  • Beýik Britaniýa — dalaşgärleri özüniň güýçli akademiki gurşawy bilen özüne çekýär;
  • Rumyniýa — Ýewropa Bileleşiginiň agzasy hökmünde Ýewropa standartlaryna laýyk gelýän diplomlary hödürleýär, şol bir wagtyň özünde bu ýerde ýaşamak we okamak üçin iň amatly şertler elýeterdir.

Mundan başga Hytaýyň, Malaýziýanyň, Türkiýäniň, Indoneziýanyň, Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw jaýlaryna ýollar açykdyr.

«Bereketli Döwür» okuwa girmegiň ähli tapgyrlarynda maslahat kömegini berýär:

  • Uniwersitet we maksatnama saýlamak;
  • Motiwasiýa hatlaryny we akademiki rezýumeleri taýýarlamaga kömek;
  • Wiza almak üçin resminamalary taýýarlamaga ýardam;
  • Okuwa girmek üçin zerur bolan dil derejeleri boýunça peýdaly maslahatlar;
  • Resminamalaryň terjimesi we tassyklanylmagy;
  • Biletleri bronlamak we ýaşajak ýeriňi tapmak;
  • Baranyňdan soňky goldaw.

«Müşderilerimiziň köpüsi bizi tanyş-bilişleriniň maslahaty boýunça tapýarlar — bu biziň işimiziň hili üçin iň möhüm görkeziji» — diýip, «Bereketli Döwür» kärhanasynyň hünärmenleri belläp geçýärler.

Habarlaşmak üçin:


düýn 18:39
2.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....