Owadan beden baradaky motiwasiýa beräýmeli postlar näme üçin tersine sustuňy basýar

  • 10.05.2026 12:50
  • 5.5k+

Motiwasiýa beriji fitnes-kontente gysga wagtlyk seretmek hem adamyň özüni başgalar bilen deňeşdirmegini güýçlendirip, sagdyn däl berhiz endiklerine iterip biler. Şeýle netijäni «Health Communication» žurnalynda çap edilen barlagyň awtorlary öňe sürýär.

Barlagçylar 6000-den gowrak adamyň gatnaşmagynda geçirilen 26 sany eksperimental işiň maglumatlaryny seljerdi. Synaglara ABŞ-nyň, Awstraliýanyň, Kanadanyň, Irlandiýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Täze Zelandiýanyň ýaşaýjylary gatnaşdy. Gatnaşyjylaryň ortaça ýaşy 21,9 boldy.

Alymlar Instagram, Pinterest, TikTok we Tumblr platformalaryndaky kontentleri öwrendi. Gürrüň «fitspiration» (fitness we inspiration sözleriniň birikmesi) formatyndaky kontent barada barýar. Şeýle materiallar, adatça, sport tarapdan beden gurluşyny görkezýär hem-de tertip-düzgün, türgenleşik we iýmitleniş baradaky postlar bilen berilýär.

Seljerme şeýle materiallaryň «sustuňy basýan deňeşdirmeleri» güýçlendirýändigini görkezdi. Bu ýagdaýda adam ekrandaky adamlar bilen deňeşdireninde özüni o diýen özüne çekiji däl, üstünlik gazanmadyk ýa-da tutanýerli däl diýlip hasaplap başlaýar.

Barlagçylar şeýle kontentiň täsiriniň dürli jynsdaky we dürli beden agramynyň indeksi bolan adamlarda, takmynan, birmeňzeş ýüze çykýandygyny anyklady. Şol bir wagtyň özünde, ýaşyň ulalmagy bilen gatnaşyjylarda şeýle postlara seredenden soň sport bilen meşgullanmak islegi has ýygy-ýygydan döreýär eken.

Barlagyň awtorlary türgenleşiklere we berhizlere bolan höwesiň artmagynyň iýmitleniş tertibiniň bozulmagy we aşa çäklendirmeler ýaly töwekgelçiliklere getirip biljekdigini belledi.


17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

17.06.2026 10:36
2.1k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

06.06.2026 07:56
2.3k+

«Metallica» rok topary Gyzyl Haç jemgyýetine 10 müňe golaý donor toplap berdi

«Metallica» toparynyň Germaniýada geçiren konsertleriniň dowamynda «Nemes Gyzyl Haç» jemgyýeti bilen bilelikde guralan gan tabşyrmak çäresine 10 müňe golaý adam gatnaşdy....

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......