Täze «Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň jemleýji treýleri çykdy

  • 09.05.2026 12:13
  • 1.4k+

Universal Pictures kompaniýasy sary jandarlar baradaky seriýanyň üçünji bölümi bolan «Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň jemleýji treýlerini hödürledi. Film daşary ýurt prokatyna 1-nji iýulda çykar.

Multfilmdäki wakalar 1920-nji ýyllarda bolup geçýär. Minýonlar öz horror filmini düşürmek üçin hakyky nägehanlary tapmak isleýär.

Bu multfilm «Ýigrenji men» (Гадкий я, 2010) filminiň prikweli hem-de «Minýonlar» (2015) we «Minýonlar: Grýuwitasiýa» (2022) multfilmleriniň dowamy bolar. Multfilmiň ilkinji treýleri Superboul oýnunyň arakesmesinde görkezilipdi. Onda üç dost jadylar kitabyny tapyp, tötänleýin bir nägehany çagyrýar.

Minýonlar ilkinji gezek ekranda «Ýigrenji men» filminde peýda boldy. Olar zalymlara, faraonlara, Drakula we Napoleona hyzmat edipdir. Bu gahrymanlar özlerine mahsus bolan «minýon» dilinde gürleýär.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....