«Odisseýa» filminiň täze treýleri we posteri görkezildi — premýera 17-nji iýulda

  • 06.05.2026 19:48
  • 3.3k+

Universal Pictures kompaniýasy režissýor Kristofer Nolanyň «Odisseýa» filminiň täze treýlerini we posterini köpçülige hödürledi.

Bu film Gomeriň meşhur poemasynyň esasynda düşürildi. «Odisseýa» dolulygyna IMAX kameralaryna düşürilen ilkinji film bolar. Filme Mett Deýmon, Tom Holland, Zendeýa, Robert Pattinson, Enn Heteueý, Lupita Niongo, Şarliz Teron we Jon Berntal ýaly meşhur artistler gatnaşdy.

Treýlerde tomaşaçylara Gomeriň eposynyň ekran görnüşine has giň garaýyş görkezildi. Hususan-da, kadrda ilkinji gezek Sirseýanyň keşbinde Şarliz Teron, şeýle hem meşhur mifologik gahryman Siklop (depegöz) peýda boldy.

Gadymy poema esaslanýan ssenarini Nolanyň özi ýazdy. Şeýle-de, ol Emma Tomas bilen bilelikde Syncopy kompaniýasynyň adyndan taslamanyň prodýuseri bolup çykyş etdi. Filmiň dünýä ýüzündäki distribusiýasy bilen Universal Pictures meşgullanýar.

«Odisseýanyň» dünýä premýerasy şu ýylyň 17-nji iýulynda bolar.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....