ÝB-däki täze awtoulaglar sürüjiniň ünsüne gözegçilik ulgamy bilen enjamlaşdyrylar

  • 07.05.2026 09:42
  • 1.5k+

2026-njy ýylyň iýul aýyndan başlap, ÝB ýurtlarynda awtoulaglaryň howpsuzlygy boýunça täze talaplar giriziler: ähli täze awtoulaglar goşmaça duýduryş ulgamlary bilen üpjün edilmelidir.

Düzgünler heläkçilik stop-signalyny we Advanced Driver Distraction Warning (ADDW) - sürüjiniň ünsüne gözegçilik etmek ulgamyny gurnamagy talap edýär. Täze düzgünler M we N kategoriýalaryndaky ulaglara degişlidir we 2026-njy ýylyň 7-nji iýulynda güýje girýär.

Heläkçilik stop-signaly birden tormoz tutulan wagtynda ýanýar: yzky çyralar ýanyp-öçüp başlaýar we yzdaky sürüjilere howply ýagdaý barada duýdurýar. Ulag doly diýen ýaly saklananda, heläkçilik çyralary hem ýanyp biler.

ADDW ulgamy sürüjiniň kellesiniň ýagdaýyny we gözüniň seredýän tarapyny yzarlamak üçin kameralary we sensorlary ulanýar. Eger sürüjiniň gözleri uzak wagtlap ýola gönükdirilmese, awtoulag sesli we wizual duýduryş berýär.

ÝB şeýle tehnologiýalaryň ünssüzlik sebäpli döreýän heläkçilikleriň sanyny azaltmaga kömek etjekdigine ynanýar. Ulgam sürüjiniň dolandyryşyna goşulmaýar, diňe sürüjä duýduryş berýär.

Talaplaryň giňeldilmegi import edilýän awtoulag bazaryna hem täsir edip biler: tehnika has howpsuz bolar, ýöne bahasy hem ýokarlanyp biler. Mundan başga-da, awtoulag žurnalistleriniň pikirine görä, şeýle ulgamlar käwagt wagtyndan ir - mysal üçin, sürüji nawigasiýa ulgamyna seredende ýa-da töweregine seredende işläp başlaýar. Şonuň üçin häzirki esasy mesele - şeýle kömekçileriň peýda bolup-bolmazlygy däl-de, olaryň nä derejede takyk işlejekdigi.


23.05.2026 11:32
4.2k+

Top Gear dört ýyldan soň ýaýlyma gaýdyp gelýär. Şow alypbaryjysynyň heläkçilige uçramagy sebäpli togtadylypdy

BBC Studios alypbaryjylarynyň biriniň heläkçilige uçramagyndan soň togtadylan Top Gear awtoulag şouwyny täzeden ýaýlyma bermek boýunça işe başlady. Bu barada The Sun gazeti habar berdi....

18.05.2026 17:51
3k+

Ýewropa Bileleşigi bikanun migrasiýany 40% azaltdy

Ýewropa Bileleşiginiň serhet gullugy bolan Frontex agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda ÝB-niň serhetlerinden bikanun geçmek synanyşyklary geçen ýylyň degişli......

09.05.2026 08:54
3.5k+

Adam bolmasa-da, jerime salnar: Kaliforniýada sürüjisiz ulaglar üçin täze düzgünler kabul edildi

Kaliforniýa ştatynda sürüjisiz awtoulaglara eýeçilik edýän kompaniýalara ýol hereketiniň düzgünlerini bozan ýagdaýynda jerime salmaga mümkinçilik berýän düzgünler tassyklandy....

07.05.2026 00:06
2.7k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....