Ilon Mask X platformasynyň mahabat ulgamynda soňky 20 ýylyň iň uly täzelenmesini yglan etdi

  • 07.05.2026 11:24
  • 1.8k+

Ilon Mask X platformasynyň (öňki Twitter) mahabat ulgamynda soňky 20 ýylyň dowamyndaky iň uly döwrebaplaşdyrmanyň başlanjakdygyny habar berdi. Kompaniýa mahabat platformasyny doly düýbünden täzeden gurýar we täzelenmeleri 2026-njy ýylyň aprelinden bäri tapgyrlaýyn ornaşdyryp başlady.

Täze ulgam üç sany esasy ýörelgä: ýönekeýlige, gözegçilige we emeli aň esasyndaky öndürijilige daýanýar. Işläp düzüjiler platformanyň has düşnükli boljakdygyny, mahabat berijilere kampaniýalary has çalt dolandyrmaga we awtomatlaşdyrmak hem-de takyk targeting arkaly has ýokary netijeliligi gazanmaga mümkinçilik berjekdigini belleýärler.

«Bu düýpli täzelenme öňdebaryjy emeli aň esasynda işleýän döwrebap gözleg we ranžirleme ulgamlaryny ornaşdyrýar. Bu ulgamlar ulanyjylaryň özüni alyp barşyna has çuňňur düşünýär, bu bolsa X-de hakyky wagt tertibinde bolup geçýän wakalara laýyk gelýän has takyk, ähmiýetli we dinamiki mahabatlary görkezmäge mümkinçilik berýär. Emeli aň esasyndaky kontekstual we semantik mahabata geçilmegi, ähmiýetliligiň, işjeňligiň we maýa goýumlarynyň peýdalylygynyň ep-esli ýokarlanmagyna getirer» diýlip, X platformasynyň habarynda aýdylýar.

Kompaniýa ýakyn aýlarda goşmaça funksiýalary we kämilleşdirmeleri hem girizmegi meýilleşdirilýändigini belledi. Ýatlap geçsek, Ilon Mask Twitter-i 2022-nji ýylyň oktýabrynda 44 milliard dollara satyn alypdy. Şondan soň ol öňki ýolbaşçylary işden boşadyp, kompaniýa özi ýolbaşçylyk edip başlady.


düýn 17:00
2k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.7k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
1.9k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......

05.06.2026 23:49
2.8k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....