Belgiýada çarlaklaryň sesine öýkünmek boýunça bäsleşik geçirildi

  • 30.04.2026 22:03
  • 3.8k+

Belgiýanyň De-Panne şäherçesinde her ýyl däp bolan ýewropa bäsleşiginiň nobatdaky sany geçirildi. Bu gezek gatnaşyjylar çarlaklaryň sesine iň ökde öýkünmek ugrunda bäsleşdiler. Oňa Ýewropanyň 16 ýurdundan wekiller gatnaşdy.

Gatnaşyjylar eminleriň we tomaşaçylaryň öňünde çykyş edip, bu guşlaryň özboluşly gykylyklaryny we seslerini mümkin boldugyça meňzetmäge çalyşdylar. Käbir gatnaşyjylar öz çykyşlaryny has täsirli we gyzykly etmek üçin guş lybaslaryny hem geýdiler.

Gurnaýjylaryň aýtmagyna görä, ýaryşyň maksady, diňe bir tomaşaçylary güýmemek däl-de, eýsem, çarlaklara bolan garaýşy hem üýtgetmekdir. Sebäbi köp adamlar bu guşlara «azar beriji» hökmünde garap, olary ýalňyş kabul edýärler.

Eminler bäsleşige gatnaşýanlara sesi meňzedip bilşi, döredijilik başarnygy, sahna ussatlygy ýaly birnäçe ugur boýunça baha berdiler.


08.06.2026 10:16
7.1k+

Awstraliýada bahasy 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak ekzotik saçakçy ele salyndy

Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynda howpsuzlyk gullugynyň işgärleri umumy bahasy takmynan 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak janly ekzotik saçakçyny ele saldylar. Bu barada The Guardian gazeti habar......

07.06.2026 10:04
7.7k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

07.06.2026 10:00
3.8k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

04.06.2026 17:20
3.2k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....