Londonda uzynlygy 440 metrden geçýän rekord derejeli tiramisu taýýarlanyldy

  • 30.04.2026 10:18
  • 6k+

Londonda tiramisunyň uzynlygy boýunça täze dünýä rekordy goýuldy. Uzaboýuna 440,6 metr bolan süýjüligi taýýarlamaga ýüze golaý italýan aşpezi gatnaşdy.

Mundan öňki 273,5 metrlik rekord Milanda hasaba alnypdy.

Tiramisu Çelsiniň merkezi ratuşasynda Ginnesiň rekordlar kitabynyň eminleriniň gatnaşmagynda taýýarlanyldy. Rekordyň kabul edilmegi üçin esasy şert, desertiň bütewi bolmagydy. Şol sebäpli aşpezler aýratyn bölekleri birleşdirip, her bir seplenýän ýeri bildirmejek görnüşde krem bilen örtdüler.

Bu äpet süýjülik üçin 19 müň ýumurtga, takmynan 400 kg şeker, 128 müň sany sawoýardi kökesi, 2 tonnadan gowrak maskarpone peýniri sarp edildi. Şunlukda desertiň her böleginiň beýikligi 8 santimetrden, ini bolsa 15 santimetrden pes bolmady.

Rekordyň gurnaýjysy Mirko Riççidir. Ol 2017-nji ýylda hem şeýle rekordy goýupdy, ýöne soňra bu diplomy başga bir topara aldyrypdy. Riççi bu synanyşygy Britaniýada geçirmegini ýurda bolan «minnetdarlyk ädimi» diýip atlandyrdy. Onuň pikiriçe, tiramisu – Italiýanyň dünýä ýaýradan iň täsin desertidir.

Çäre Britaniýanyň şa maşgalasyna we korol Karl III-ä bagyşlandy. Çäreden ýygnanan ähli serişdeler garyplyk bilen göreşýän «Esharelife» gaznasyna geçirildi.


08.06.2026 18:02
4.4k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
6.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
4.8k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

04.06.2026 17:17
5.8k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......