OpenAI 2028-nji ýyla çenli öz smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar

  • 10.05.2026 20:02
  • 2.1k+

OpenAI kompaniýasy 2028-nji ýylda özüniň ilkinji smartfonyny çykarmagy maksat edinýär. Enjamyň esasy aýratynlygy ösen emeli aň agentleriniň ulgama düýpli ornaşdyrylmagy bolar.

Analitik Ming-Çi Kuonyň maglumatlaryna görä, enjam MediaTek, Qualcomm we Luxshare ýaly tehnologiýa ägirtleri bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüler. Onuň esasy konsepsiýasy ulanyjynyň wezipelerini doly awtomatlaşdyrmakdan ybaratdyr.

Häzirki zaman enjamlaryndan tapawutlylykda, täze smartfondaky emeli aň özbaşdak usulda hereket edip biler. Häzirki enjamlarda ulanyjy programmalary özi işletmeli bolsa, täze ulgam adamyň maksadyna we edýän işlerine esaslanyp, meseläni çözmegiň iň amatly ýoluny özi kesgitlär we zerur hyzmatlarda degişli amallary ýerine ýetirer.

Bilermenleriň pikirine görä, bu täzelik mobil enjamlar baradaky düşünjäni düýpgöter üýtgeder. Smartfon eýesiniň niýetine düşüner, şol bir wagtyň özünde köp güýç talap edýän prosesler bulutly emeli aňyň kömegi bilen amala aşyrylar.

Enjamyň gutarnykly tehniki häsiýetnamalarynyň 2026-njy ýylyň ahyry bilen 2027-nji ýylyň birinji çärýegi aralygynda tassyklanylmagyna garaşylýar.


düýn 12:35
1.6k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

düýn 12:23
5.1k+

Messi ChatGPT-niň mahabatynda düşdi

OpenAI kompaniýasy Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň gatnaşmagynda ChatGPT-niň mahabat wideosyny hödürledi....

düýn 08:32
2.8k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

12.06.2026 23:56
2k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......