Hytaýly bedenterbiýe mugallymy 30 ýylyň dowamynda 300-e golaý hossarsyz çagany terbiýeledi

  • 27.04.2026 11:21
  • 6.7k+

Hytaýyň Anşan şäherinden 52 ýaşly bedenterbiýe mugallymy Baý Szýan soňky 30 ýylyň içinde ene-atasynyň gözegçiliginden mahrum bolan 276 çagany öz hossarlygyna aldy.

South China Morning Post gazetiniň habar bermegine görä, "Arzuw öýünde" onuň goldaw we bilim bermegi netijesinde 100-den gowrak çaga ýokary bilim aldy we onlarça çaga professional türgen, göreldeli döwlet gullukçysy we mugallym bolup ýetişdi.

Baýyň özi garyp maşgalada ulaldy we uzak aralyga ylgamak arkaly durmuşda öz ýoluny tapdy. Ol okuwçysyny ene-atasynyň taşlap gidendigini bilenden soň, 1995-nji ýylda ilkinji çagany öz howandarlygyna aldy.

Barha ulalýan maşgalasyny goldamak üçin mugallym karzyna pul almaly, esasy işinden boş wagtlary gazanç etmeli boldy, ejesi we gyz doganlary bolsa çagalara ideg etmekde kömek edýärdi. Sport çagalara terbiýe bermegiň we durmuş ýoluna ugrukdyrmagyň esasy usulyna öwrüldi: her gün irden sagat 4:30-da howaň ýagdaýyna garamazdan, Baý olary 12 kilometrlik ylgawa alyp gidýär.
 
Baýyň okuwçylary ýigrimi ýylyň dowamynda dürli ýaryşlarda takmynan 1300 medal gazandy.

Köp çagaly bedenterbiýe mugallymy sportuň çagalara adalatly bolmagy öwredýändigini we biologiki ene-atasyna  öýkesini ýeňip geçmäge kömek edýändigini belleýär.

Baýyň aýtmagyna görä, onuň terbiýe bermeli bolan çagalarynyň köpüsi söýgiden binesip eken we biologiki ene-atasyndan nägile bolupdyr.

"Men olara hiç kimi ýigrenmeli däldigini aýtdym. Ýigrenç - bu iki ýüzem ýiti gylyçdyr. Ol diňe ýigrenýänleriňizi däl, eýsem siziň özüňizi-de ýaralaýar" - diýip, ol gürrüň berdi.

Baýyň özi 46 ýaşynda öýlenipdir: gyzlaryň köpüsi onuň haýyr-sahawat işini kabul edip bilmändir. 2020-nji ýylda onuň ogly boldy.

Mugallym: "Men hiç hili ýadawlyk duýmaýaryn. Çagalary we sporty söýýärin. Her gün halaýan işim bilen meşgullanýaryn" - diýdi.


27.06.2026 11:02
1.9k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

18.06.2026 11:17
5.1k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....