Magtymguly adyndaky TDU we d’Annunsio uniwersiteti hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi

  • 26.04.2026 20:50
  • 2k+

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Italiýanyň Gabriele d’Annunsio adyndaky uniwersiteti onlaýn-maslahat geçirip, hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi.

Duşuşyk 22-nji aprelde iki ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda boldy. Taraplar ýokary bilim we ylym ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklady.

Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gol çekilen resminama hünär derejesini ýokarlandyrmak we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça bilelikde iş alyp barmagy göz öňünde tutýar. Bu hyzmatdaşlyk mugallymlaryň we talyplaryň özara tejribe alşygyny, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmagy, iki uniwersitetiň professorlarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda talyplar üçin hünär ýokarlandyryş okuwlaryny guramagy, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmegi, şeýle hem uniwersitetlerde geçirilýän halkara çärelerine gatnaşmagy öz içine alýar.

Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda Italiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň goldawy bilen eýýäm hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy bellenildi. Talyplar we mugallymlar yzygiderli Italiýada tejribe geçýär, bilim tejribeleri we okatmagyň döwrebap usullary bilen tanyşýar.

Gabriele d’Annunsio uniwersiteti türkmen ýokary okuw mekdepleriniň esasy hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde görülýär. Bu okuw mekdebi taryh, inženerçilik, lukmançylyk we ynsanperwer ylymlary ulgamynda barlaglary alyp barýar, şeýle hem Merkezi Aziýanyň uniwersitetleri bilen bilelikdäki taslamalara gatnaşýar.


08.06.2026 23:01
2.7k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

01.06.2026 17:06
3.1k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.9k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......