Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

  • 22.04.2026 11:57
  • 6.6k+

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanyny Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýurduň resmi adamlary ugratdy diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanynyň uçary birnäçe sagatdan soň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Belent mertebeli myhmany Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary garşylady.

Bu iş saparynyň çäklerinde sebitiň ekologiýa meselelerini çözmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça möhüm meselelere garalar. Türkmenistan durnukly ykdysadyýeti «ýaşyl» tehnologiýalar bilen utgaşdyrmak ugrunda BMG-niň çäklerinde birnäçe halkara başlangyçlary, şol sanda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek teklibini öňe sürýär.

Aral meselesini çözmek we sebitde netijeli suw diplomatiýasyny ilerletmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şu maksat bilen ýurt Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň dowamynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu sapary sebit durnuklylygyny berkitmäge we halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, şeýle-de Aral deňziniň töweregindäki ýagdaýy gowulandyrmak üçin tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir.


düýn 11:32
2.3k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

26.05.2026 01:02
4.6k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....