Amyderýadan Aşgabada: ýaş tebigatçylar üçin ekologiýa boýunça okuw maslahaty geçirildi

  • 22.04.2026 17:34
  • 4.9k+

Aşgabatda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) we Global ekologiýa gaznasynyň (GEF) bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan guralan ýaşlar üçin okuw maslahaty geçirildi.

«Ýaş tebigatçy» guramasynyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, maslahat «Bouygues Turkmen» kompaniýasynyň edarasynda geçirilip, ol Bütindünýä Ýer gününiň öňüsyrasyndaky ekologik başlangyçlaryň birine öwrüldi.

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasyna guralan eko-syýahatyň dowamy bolan bu çäre ekologiýa baradaky bilimleri ýokarlandyrmaga we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmäge gönükdirildi.

Okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylar «Climate Fresk» usulyýetini ulanmak arkaly howanyň üýtgemeginiň sebäplerini we netijelerini giňişleýin seljerdi. «Bouygues Turkmen» kompaniýasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen okuw ýaş tebigatçylara alan bilimlerini öz deň-duşlaryna ýetirmek üçin taýýarlanmaga mümkinçilik berdi.

Maslahat ýaşlaryň ekologik wagyz-nesihat işlerine işjeň gatnaşmagy üçin zerur bolan endikleri kemala getirmäge gönükdirildi.

Guramaçylar Türkmenistanyň döwlet goraghanalarynyň işine we biodürlüligi goramak meselelerine aýratyn üns berdi. Amyderýa goraghanasynyň mysalynda dürli görnüşleriň iýmit zynjyryndaky orny öwrenildi hem-de ösümlik we haýwanat dünýäsiniň hatda ýekeje wekiliniň ýok bolmagynyň hem ekoulgama ýetirýän zyýanyna baha berildi.

Çäre global ýylama garşy göreşmekde we Aral deňziniň giňişliginiň tebigy baýlyklaryny gorap saklamakda innowasion tehnologiýalary ulanmak baradaky pikir alyşmalar bilen tamamlandy.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

25.06.2026 14:38
6.6k+

Islandiýada iki ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan läheň awlamak başlandy

Islandiýada täjirçilik maksatly läheň awunyň wagtlaýynça bes edilmeginden iki ýyl geçirip,  ýene-de iki sany läheň awlandy. RUV teleradiokompaniýasynyň habar bermegine görä, bu aw suw jandarlaryny tutmaga......