Toyota ýakyn geljekde RAV4 krossoweriniň elektrik wersiýasyny çykarmagy meýilleşdirmeýär

  • 25.04.2026 15:15
  • 1.7k+

Toyota kompaniýasy, platformasynyň tehniki mümkinçiliklerine garamazdan, özüniň iň meşhur krossoweri bolan RAV4-i elektrik çekişe geçirmegi meýilleşdirmeýär.

Modeli taslamak bilen meşgullanýan toparyň baş inženeri Ýoşinori Futonaganäniň «Drive» neşirine beren maglumatyna görä, konserniň strategiýasy bir ulagyň dürli wersiýalaryny döretmäge däl-de, eýsem model hataryny giňeltmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda bu ugurda tehnologik elektromobil wezipesi bZ4X modeline ynanyldy, RAV4 bolsa has konserwatiw ulanyjylar köpçüligine niýetlenen bolmagynda galýar.

Kompaniýanyň wekiliniň düşündirmegine görä, RAV4-iň häzirki platformasy doly elektrikleşdirmäge mümkinçilik berse-de, munuň tapgyrlaýyn önümçiligi baradaky pikir düýpli öwrenilmedi. Munuň deregine, Toyota dürli modelleri hödürlemek arkaly güýç gurluşlarynyň maksimal dürlüligini üpjün etmek ýörelgesine eýerýär. Ozal Highlander krossoweri elektrik görnüşine eýe bolup, başgaça çemeleşmä mysal bolupdy, emma RAV4 babatynda ileri tutulýan ugurlar başgaça kesgitlendi.

Ýoşinori Futonaganä batareýaly RAV4-i döretmek meýilnamasynyň diňe ýakyn geljekde ýokdugyny, ýöne uzak möhletleýin geljekde bu mümkinçiligi doly aradan aýyrmaýandygyny takyklaşdyrdy.

Häzirki modelleriň önümçilik aýlawlaryny nazara alanyňda, bu hili awtomobil azyndan birnäçe ýyldan soň peýda bolup biler. Şu wagtky ýagdaýa görä, brendiň elektrik güýjündäki iň soňky täzeligi Hytaý bazary üçin niýetlenen we bir zarýad bilen 710 kilometre çenli ýol geçýän «bZ7» sedany boldy.


şu gün 09:56
90

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.4k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.8k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....