Türkmenistanyň Küşt federasiýasy Gran-pri ýaryşlarynyň Aşgabat tapgyryny yglan etdi

  • 21.04.2026 22:37
  • 1.7k+

Türkmenistanyň Küşt federasiýasy 2026-njy ýylyň 3 — 8-nji maýy aralygynda milli Gran-pri ýaryşlarynyň «Aşgabat» tapgyrynyň geçiriljekdigini yglan etdi.

Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde guraljak bu ýaryşa federasiýanyň professional agzasy bolan ähli türgenler we tälimçiler gatnaşyp biler. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler üçin hasaba alyş işleri 26-njy aprelde sagat 18:00-a çenli şu salgy arkaly dowam eder.

Federasiýa tarapyndan guralýan bu sport çäresinie halkara we milli derejeli hünärmenler eminlik eder. Paýtagtdan daşarda ýaşaýan hasaba alnan türgenler «Grand Hotel» myhmanhanasynda ýerleşdiriler. Ýaryşy gurnamak bilen bagly ähli çykdajylary federasiýa doly öz üstüne alýar.

Ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 10 000 manatdan ybarat bolup, ýeňijiler pul baýraklary, Hormat hatlary, medallar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.
 


düýn 16:11
1.2k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....

düýn 14:36
2.1k+

Şu gün dünýäde we Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär

Tomsuň ilkinji güni bolan 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda parahatçylygyň, ýagşylygyň we ýylgyryşyň baýramy bolan Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär....

düýn 14:04
2k+

«Türkmenhaly» halyçylyk senediniň ösüşindäki goşandy üçin TÜRKSOÝ-yň diplomyny aldy

Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi türki dünýäde halyçylyk senedini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite diplomyna mynasyp......

düýn 00:04
5.5k+

Ahalteke atlarynyň endamy nädip lowurdaýar? Türkmen alymlary muny öwrendi

Türkmen biotehnologlary ahalteke atlarynyň tüýüne mahsus bolan lowurdynyň esasynda ýatan biohimiki mehanizmleri anyklady we oňa barlaghana şertlerinde obýektiw baha bermegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu......