Müsür 27 milliard dollarlyk täze şäher gurmagy meýilleşdirýär

  • 21.04.2026 07:22
  • 6.9k+

Talaat Moustafa Group kompaniýasy Kairiň golaýynda täze The Spine ("Oňurga") şäherini gurmak üçin 27 milliard dollarlyk taslamany yglan etdi diýip, Bloomberg habar berýär. 

Taslama 2 million inedördül metrden gowrak meýdany öz içine alýan ýaşaýyş jaýlary, söwda we ofis jaýlary bolan 165 diňiň gurluşygyny göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň baş direktory Hişam Talaat Mustafanyň sözlerine görä, gurluşygyň tamamlanjak senesi heniz kesgitlenmedi.

Taslamanyň 155 müňden gowrak iş ornuny döretmegine we her ýyl millionlarça syýahatçyny özüne çekmegine garaşylýar.

Bu başlangyç Müsürde Pars aýlagy ýurtlarynyň maýa goýumlary bilen goldanylýan birnäçe iri taslamalaryň dowamydyr. Kompaniýa ozal BAE-niň 35 milliard dollar maýa goýan Ras al-Hekma şypahanasynyň gurluşygyna gatnaşypdy.

Müsür Kairiň gündogarynda täze administratiw paýtagty hem gurýar. Taslama bilen 2015-nji ýylda tanyşdyryldy we 2017-nji ýyldan bäri gurluşyk işleri işjeň alnyp barylýar. Täze şäheri takmynan 7 million ilatly administratiw we maliýe merkezine öwürmek göz öňünde tutulýar.


25.06.2026 23:36
5.3k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......